Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň nebitgaz pudagyny ösdürmegiň ilkinji nobatdaky wezipelerini kesgitledi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen anna güni geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi. Wise-premýer Myratgeldi Meredow ýanwar-awgust aýlarynda nebitgaz toplumynyň kärhanalarynyň ýerine ýetiren işleri barada hasabat bilen çykyş etdi.

Hususan-da, nebiti gaz kondensaty bilen çykarmak, tebigy we ugurdaş gazy gazyp almak, “mawy ýangyjy” eksport etmek ulgamynda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada hasabat berildi.

Bellenilişi ýaly, bu döwürde nebiti gaýtadan işlemek boýunça meýilnama 103,7 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 100 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 105 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 100 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 104,7 göterim ýerine ýetirildi.

Prezident wise-premýer M.Meredowyň we nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylarynyň ünsüni pudagy mundan beýläk-de ösdürmegiň ilkinji nobatdaky wezipelerine çekdi. Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, ýangyç-energetika toplumyny döwrebap ýagdaýa getirmek, şol sanda täze nebitgaz ýataklaryny gözlemek, özleşdirmek we önüm çykarmak, uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemek boýunça taslamalary amala aşyrmak işlerini dowam etmek zerurdyr.

Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen energiýa serişdelerini täze geçirijiler boýunça daşary ýurtlara diwersifikasiýa ýoly bilen ibermegiň hasabyna energetika howpsuzlygyny üpjün etmegi hem wajyp wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz strategiki taýdan möhüm ähmiýetli taslama bolan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşyk işleriniň depginini çaltlandyrmagy tabşyrdy.

Mundan başga-da, suwuklandyrylan gazyň öndürilýän we eksport edilýän möçberini mundan beýläk-de artdyrmak babatynda anyk tabşyryklar berildi.

 

Meňzeş täzelikler

2014