GDA-nyň Ykdysady geňeşi Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň strategiki ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky Jarnamasynyň taslamasyny makullady

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady geňeşiniň mejlisinde Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň strategiki ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky Jarnamasynyň taslamasy onuň esasy resminamalarynyň biridir. Bu barada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy — ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew geçen anna güni Aşgabatda geçirilen duşuşyk tamamlanandan soňra metbugat wekilleriniň öňünde eden çykyşynda belledi.

— 2017-nji ýylda türkmen tarapy tarapyndan öňe sürlen bu taslama bu gün wise-premýerleriň derejesinde tassyklanyldy. Gutarnykly çözgüt Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň 11-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek mejlisinde kabul ediler – diýip Lebedew belledi.

Jarnamanyň taslamasy Ykdysady geňeşiň gün tertibine Türkmenistan hem-de GDA-nyň Ýerine Ýetiriji geňeşi bilen bilelikde girizildi. Bu resminamanyň baş maksady strategik ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, Arkalaşygyň fundamental esaslaryny, onuň dünýäniň hojalyk gatnaşyklaryna goşulmagyny, şol sanda GDA-nyň ykdysady mümkinçiliklerini ýokarlandyrmagyň hasabyna mundan beýläk hem berkitmek bolup durýar.

 

Meňzeş täzelikler

2014