GDA-nyň Ykdysady Geňeşiniň mejlisiniň barşynda 24 resminama gol çekildi

Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady Geňeşiniň 83-nji mejlisi geçirildi, onuň netijeleri boýunça 24 resminama gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Bu çärä gatnaşmak maksady bilen türkmen paýtagtyna Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Moldowanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň, şeýle-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň ýokary derejeli wekiliýetleri geldiler. Mälim bolşy ýaly, GDA-nyň Ykdysady Geňeşiniň mejlisine GDA gatnaşyjy-döwletleriň hökümet baştutanlarynyň orunbasarlarynyň derejesindäki wekiliýetler gatnaşýarlar.

GDA-nyň Ykdysady Geňeşiniň mejlisi wekiliýetleriň ýolbaşçylarynyň dar düzümdäki duşuşygynda oňa gatnaşyjylar ykdysady hyzmatdaşlygyň ýokary basgançaklarynyň gazanylmagyna gönükdirilen bilelikdäki işleriniň netijelerini ara alyp maslahatlaşdylar, ýakyn geljek üçin özara hereketleriň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler, şeýle hem ykdysady hem-de durmuş häsiýetli tekliplere we resminamalaryň taslamalaryna seredip geçdiler.

Soňra giňişleýin düzümdäki gepleşikler başlandy. Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan öňe sürlen Arkalaşygyň gatnaşyjy-döwletleriniň strategiki ykdysady hyzmatdaşlygy hakyndaky Jarnamasynyň taslamasynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy duşuşygyň esasy aýratynlygyna öwrüldi. Şeýle resminamanyň kabul edilmegi döwletara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna we GDA formatyndaky netijeli gepleşikleriň ösdürilmegine itergi berer.

Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylar öň gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň depginine seredip geçdiler, GDA gatnaşyjy-döwletleriň ykdysady we durmuş syýasaty ulgamynda geňeşmeleri geçirmegiň netijeliligini belläp geçdiler, şeýle hem durmuş-ykdysady gatnaşyklary ulgamynda GDA-nyň döwletara we hökümetara edaralarynyň arasyndaky işleri utgaşdyrmagyň kämilleşdirilmegi dogrusynda pikir alyşdylar.

Şeýle hem GDA-nyň Ykdysady Geňeşiniň ýanynda hemişelik esasda hereket edýän Ykdysady meseleleri boýunça toparyň işiniň netijelerine seredilip geçildi. Mejlisiň barşynda 24 resminama gol çekildi.

Soňra GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary S.Lebedewiň GDA-nyň Ykdysady Geňeşiniň 83-nji mejlisiniň jemleri boýunça metbugata ýüzlenmesi geçirildi. S.Lebedew bu mejlisiň ýokary guramaçylyk derejesini hem-de gepleşikleriň üstünlikli geçirilendigini belläp geçdi. Şeýle-de «sowal-jogap» formatynda sessiýa geçirildi.

Meňzeş täzelikler

2014