Türkmen paýtagtynda energetika pudagyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşylýar

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda 12-nji sentýabrda açylan Halkara pudaklaýyn sergide we ylmy maslahatda Türkmenistanyň energetika senagatyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy.

Foruma köp sanly daşary ýurtly gatnaşyjylaryň hatarynda Russiýadan, ABŞ-dan, Germaniýadan, Italiýadan, Ýaponiýadan, Hytaýdan, Türkiýeden, Eýrandan, Belarusdan, Ukrainadan we beýleki döwletlerden öňdebaryjy kompaniýalar we ugurdaş düzümler bar. Sergi gatnaşyjylaryň 130-a golaýyny — dünýäniň elektroenergetika kompaniýalarynyň, ýurdumyzyň pudaklaýyn düzümleriniň we hususy telekeçiligiň wekillerini, bilermenleri birleşdirdi.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän taslamalar, şol sanda Aşgabatda, Ahal, Balkan, Lebap we Daşoguz welaýatlarynda gazturbinaly elektrik stansiýalaryny gurmak boýunça amala aşyrylan giň gerimli taslamalar elektroenergetika pudagynyň ösüş depginlerini görkezýär.

«Sumitomo Corporation» we «Çalyk Holding» kompaniýalarynyň diwarlyklary myhmanlaryň hem-de ykdysady sergä gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi, olar elektroenergetika pudagynyň täze desgalaryny gurmagyň we bar bolan desgalaryny döwrebaplaşdyrmagyň taslamalary bilen tanyşdyrdy.

Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda «Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara ylmy maslahat hem geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleri, ylmy-barlag institutlarynyň hünärmenleri, daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtly bilermenler, seljerijiler, menejerler gatnaşdylar.

Foruma gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň energetika strategiýasy ýangyç-energetika toplumyny hemmetaraplaýyn we yzygiderli, diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge we dünýäniň energiýa ulgamyna sazlaşykly goşulmagyna gönükdirilendir. Türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ugratmagyň eksport ugurlarynyň çäklerini giňeltmek döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar.

Meňzeş täzelikler

2014