Energetika forumy özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ýardam eder — Türkmenistanyň Prezidenti

Ýurdumyzyň energetika senagaty milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biridir. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu gün Aşgabatda açylan «Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagynda bellenilýär.

Döwletimiz tarapyndan geçirilýän özgertmeleriň çäginde ýurdumyzyň elektrik energetikasy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, pudaga täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, döwrebap energetika enjamlaryndan baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleriň hatarynda bu pudaga maýa goýum serişdeleriniň uly möçberiniň gönükdirilendigi aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

Möhüm ähmiýetli bu pudagy ösdürmek arkaly ýurdumyzyň senagatyny kämilleşdirmek, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak bilen bagly wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin oňaýly şertler döredilýär.

Bütin dünýäde energiýa serişdeleriniň sarp edilişiniň has-da artýan döwründe dünýäniň birnäçe döwletleri Türkmenistan bilen elektrik energetikasy babatda hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildirýärler. Bu bolsa ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha artýandygyna, milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde energetika pudagynyň ähmiýetiniň uludygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Beýleki iri taslamalaryň hatarynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi bilen ugurdaş gurulýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasy hem bar. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi diňe bir oňa gatnaşýan ýurtlar üçin däl, eýsem, tutuş sebit üçin hem ägirt uly ähmiýete eýe bolar.

Bu halkara sergä we ylmy maslahata energetika ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gyzyklanma bildirýän daşary ýurt kompaniýalary we işewürler gatnaşýarlar. Serginiň we ylmy maslahatyň ýurdumyzyň hünärmenleri bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyzyň özara tejribe alyşmagynda, geljekde giň gerimli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda hem-de iki tarapa hem bähbitli taslamalary ara alyp maslahatlaşmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn.

 

Meňzeş täzelikler

2014