Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň wekilleri bilen ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Saud Arabystany Patyşalygynyň Ministrler Kabinetiniň agzasy, döwlet ministri Emir Turki Bin Muhammed Bin Fahad Bin Abdul Aziz Al Saudy we Saud Arabystany Patyşalygynyň Ösüş gaznasynyň başlygynyň orunbasary hem dolandyryjy müdiri Halid Bin Sulaiman Al Hudairy bilen geçiren duşuşygynda nebitgaz ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň dünýäniň iri energetika döwletleridigini nazara alanyňda, nebitgaz pudagynda netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin giň mümkinçilikler açylýar.

Ählumumy energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek meselesinde möhüm orny eýeleýän ýurdumyz möhüm düzümleýin taslamalary yzygiderli durmuşa geçirmek arkaly, energiýa serişdelerini halkara bazarlara çykarmagyň köpugurly ulgamyny döretmek strategiýasyny amala aşyrýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygyny görkezmek bolar. Köp sanly daşary ýurtly hyzmatdaşlar bu taslama uly gyzyklanma bildirýärler.

Mundan başga-da, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň gaýtadan işleýän pudagynyň düýpli döwrebaplaşdyrylmagyna, bäsdeşlige ukyply taýýar önümleri öndürmäge niýetlenen ýokary tehnologiýaly önümçiligiň döredilmegine wajyp ähmiýet berilýär. Şeýlelikde, hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikler açylýar.

Baý uglewodorod serişdelerine eýe bolan Türkmenistan şolaryň ilkinji nobatda halkyň bähbidine ulanylmagyna, şeýle hem dünýä bazarlaryna çykarylmagyna gönükdirilen syýasata eýerýär diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Bu babatda tebigaty goramak we ekologiýa talaplaryna möhüm üns berilýär.

Türkmen Lideri ykdysady syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýän Türkmenistanyň ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryna, daşary ýurt kompaniýalarynyň we maýa serişdeleriniň çekilmegine ähmiýet berýändigini belläp, Saud Arabystanyndan bolan hyzmatdaşlara nebitgaz, himiýa we oba hojalyk pudaklaryndaky bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagyna garamagy teklip etdi. Şeýle hem işewür duşuşyklaryň we işewür maslahatlaryň yzygiderli guralmagynyň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Patyşasyny we onuň Mirasdüşer şazadasyny özleri üçin islendik amatly pursatda Türkmenistana gelip görmäge çagyrdy.

 

Meňzeş täzelikler

2014