Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ýaşlaryny goldamak boýunça wezipeleri goýdy

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 1991-nji ýyldan bäri hereket edip gelýän Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýynda eden çykyşynda bu jemgyýetçilik guramasynyň öňünde möhüm wezipeleri goýdy.

Hususan-da, döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, ýaşlara ylmyň we bilimiň dürli ugurlary boýunça internet ulgamynyň elýeter bolmagyna, bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegine gönükdirilen işleri dowam etmeli, bilim edaralary üçin ylmy-usuly gollanmalaryň, maglumat, görkezme esbap, ylmy-barlag, gözleg, agtaryş serişdeleriniň taýýarlanmagyny üpjün etmeli, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerini tamamlan ýaşlarymyzy iş bilen doly üpjün etmeli, ýaş maşgalalary goldamaly, şol sanda çaga dogluşynyň ösüşini höweslendirmeli.

Ýaşlaryň iş bilen üpjünçiliginiň derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, täze önümçilikleri, işiň görnüşlerini we orunlaryny döretmek boýunça teklipleri taýýarlamaly, zähmet bazarynda bäsleşik ukybyny ýokarlandyrmak maksady bilen, hünär taýýarlygyny, gaýtadan taýýarlyk we hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin okuwlary guramaly, ýurdumyzyň sebitlerinde, uzak aralykda ýerleşýän we barmasy kyn bolan ilatly ýerlerde ýaşlarymyzyň işlemäge bolan isleglerini artdyrmak üçin höweslendiriş çärelerini işläp düzmeli diýip, Prezident sözüni dowam etdi.

Ýaşlaryň ekologiýa medeniýetini we tebigata aýawly garaýşyny kämilleşdirmek, milli mirasymyzy, däp-dessurlarymyzy wagyz etmek we düşündirmek üçin toplumlaýyn çäreleri işläp taýýarlamaly, ýaşlary kitaphanalara köpräk çekmeli, kitaphanalaryň hyzmatyndan peýdalanmagyň derejesini ýokarlandyrmaly, ýaş ýazyjy-şahyrlaryň, bagşy-sazandalaryň arasynda döredijilik festiwallaryny we bäsleşikler geçirip, täze zehinleri ýüze çykarmaly, mümkinçiligi çäkli ýaşlar üçin niýetlenen okuw edaralaryny degişli tälimçiler bilen üpjün etmeli, olar bilen sagaldyş, bedenterbiýe we sport çärelerini guramaly diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Telekeçilik bilen meşgullanmaga höwesli ýaşlar üçin gysga möhletleýin tölegli okuwlary guramaly, ýaş harby gullukçylaryň we işgärleriň Türkmenistanda hem-de daşary ýurtlarda geçirilýän olimpiadalara, bäsleşiklere, maslahatlara, sergilere we festiwallara gatnaşmagyna ýardam etmeli, ýaş alymlaryň, inženerleriň, tehnologlaryň we hünärmenleriň ylmy barlaglaryny höweslendirmeli, olary daşary ýurtlarda geçirilýän halkara ylmy maslahatlara, duşuşyklara ibermeli, bilelikdäki ylmy taslamalary amala aşyrmaga, şol sanda hojalyk hasaplaşygyndaky ylmy işlere çekmeli diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň garamagyndaky institutlarda, Tehnologiýalar merkezinde, pudaklaýyn ylmy-barlag edaralarynda, ýokary okuw mekdeplerinde munuň üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ýaş alymlarymyzyň we talyplarymyzyň halkara ylym-bilim bäsleşiklerinde gazanýan üstünliklerine guwanýarys. Bu ugurda ylmy barlag institutlarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky Ýaş alymlar merkeziniň alyp barýan işlerine aýratyn buýsanýarys diýip, Prezident sözüni dowam etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýaşlarymyzyň tehnologik ösüşden yza galmazlygy üçin, olara döwrebap hünärleri ele almaga, nazary bilimleri kämilleşdirmäge, amaly endiklerini ýokarlandyrmaga, sanly tehnologiýalary özleşdirmäge, täze ylmy taglymatlary, öňdebaryjy barlaglary we tehnologik tejribeleri öwrenmäge ýardam bermek biziň esasy wezipelerimiziň biridir.

Häzirki döwürde Ýaşlar guramasynyň ýaş şahsyýeti terbiýelemekde esasy ýörelgeleriniň biri hem ýigitlere we gyzlara ýokary ruhy-ahlak, kämil beden terbiýesini bermek arkaly olarda sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmekden ybaratdyr.

Watansöýüji, giň düşünjeli, ynsanperwer, zähmetsöýer, maksada okgunly, belent ahlakly bagtyýar nesillerimiz ähli ukyp-başarnyklaryny eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine bagyş etmelidir. Ýaş ynsanda şeýle häsiýetleri terbiýelemek biziň Ýaşlar guramamyzyň belent borjy we baş maksady bolmalydyr – diýip Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

 

Meňzeş täzelikler

2014