AÖB bu günki gün hem TOPH taslamasyny ilerletmek işine ygrarly bolmagynda galýar — AÖB-niň Türkmenistan boýunça direktory

Energiýa geçirijileriniň bazaryny diwersifikasiýalaşdyrmak Aziýanyň ösüş bankynyň Türkmenistan bilen alyp barýan hyzmatdaşlyk strategiýasynyň möhüm sütünidir. Bu barada AÖB-niň Türkmenistan boýunça direktory jenap Si. Si. Ýu «Нейтральный Туркменистан» gazetine beren interwýusynda belledi. Ol bu wezipä 2019-njy ýylyň awgustynda bellenildi.

Si.Si.Ýu-nyň belleýşi ýaly: «Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasy sebit häsiýetli esasy tagalla edilýän taslamalaryň hatarynda bolmagynda galýar. Bu energiýa geçelgesi ulanyşa girizilenden soňra, Merkezi we Günorta Aziýada durnuklylyga we gülläp ösüşe ýardam etmek bilen sebit hyzmatdaşlygynyň derejesini täze belentliklere çykarýar.

AÖB-niň Türkmenistan boýunça direktorynyň bellemegine görä, Bankyň taslama gatnaşmagynyň taryhy 2001-nji ýyldan başlanýar. AÖB taslamanyň deslapky bahalandyrmalaryny, işläp taýýarlamalary ýerine ýetirmek, gepleşikleri geçirmek we degişli taraplar bilen gaz geçiriji boýunça çarçuwaly ylalaşyklara gol çekmek üçin tehniki ýardam bermek üçin grant berdi. Şol bir wagtda AÖB tehniki iş toparynyň mejlisini gurnady we 2013-2016-njy ýyllarda TOPH-nyň dolandyryjy komitetiniň kätipliginiň wezipesini ýerine ýetirdi. Bank TOPH gatnaşyjy döwletleriň milli gaz kompaniýalarynyň tranzaksion geňeşçisi hökmünde hereket etdi we bu wezipede olara 2014-nji ýylyň noýabrynda «TAPI Pipeline Company Limited» turba geçiriji kompaniýasyny hasaba aldyrmaga, 2015-nji ýylyň dekabrynda özara paýdarlar ylalaşygyna gol çekmäge we 2016-njy ýylyň aprelinde maýa goýum ylalaşygyna gol çekmäge kömek etdi.

— AÖB bu günki gün hem bu möhüm sebit başlangyjyny öňe sürmek işine ygrarlylygyny saklaýar. Bankyň TOPH taslamasyna gatnaşmagy onuň berk ekologik we durmuş ülňülerine, şeýle hem taslamanyň dolandyryjylyk we satyn alyjylyk taraplaryny düzgünleşdirýän halkara düzgünlerine laýyklykda talabalaýyk meýilnamalaşdyrylmagyna, gurnalmagyna we maliýeleşdirilmegine ýardam eder – diýip Si.Si.Ýu belledi.

Hususan-da, AÖB-niň Türkmenistan boýunça direktorynyň bellemegine görä, Bankyň taslama bilen bagly töwekgelçilikleriň ýeňilledilmegi hem-de bu töwekgelçilikleriň deňagramly we durnukly ýagdaýda paýlanylmagy ýaly meselelere ýardam etmegi gaz geçirijini maliýeleşdirmek üçin has amatly eder we şonuň bilen hem mümkin bolan maýadarlaryň we kredit edaralarynyň gözünde onuň özüne çekijiligini artdyrar.

SI.Si.Ýunuň belleýşi ýaly, «esasy geçelgeleri emele getirýän ulag (demir ýol) we energetika (gaz geçirijiler we elektrik geçiriji ulgamlar) taslamalary, şol sanda CAREC ulag geçelgesi, TOPH gaz geçirijisi, Türkmenistan-Özbegistan-Täjigistan-Owganystan-Pakistan we Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçiriji ulgamlary AÖB-niň maliýe serişdeleriniň goýumynyň mümkin bolan ugurlaryny görkezýär. Olar Türkmenistana öz harytlaryny eksport etmäge we daşary ýurt walýutasyny almaga ýardam ederdi. Bu bolsa möhüm ähmiýete eýedir, çünki ýurduň taslamalary amala aşyrmak üçin daşary karzlary hem daşary ýurt walýutasynda aňladylýar».

Meňzeş täzelikler

2014