SNGIZ-de nebitgaz pudagynyň hünärmenleriniň hünär derejesini kämilleşdiriş okuwlary geçirilýär

SNGIZ-niň hünärmenleri hünär taýdan kämilleşdirmek boýunça №15 merkezi CNPC hytaý kompaniýasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk saklaýar. Bu ýerde nebitgaz pudagynyň hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça gysga möhletleýin okuw sapaklary geçilýär. Ýakynda ýaş hünärmenleriň nobatdaky tapgyry Merkezde hünär kämilleşdiriş okuwlaryny üstünlikli tamamladylar.

Okuw sapaklary Türkmenistanda hereket edýän kompaniýalaryň zerurlyklaryny nazara alyp işlenip düzüldi we nebitgaz pudagynda täze gazanylanlary nazara alyp, yzygiderli esasda kämilleşdirilýär. Okuwlar umumy hem-de amaly sapaklary, bu ugurdan soraglary we meseleleri toparlaýyn maslahatlaşmaklygy gezekleşdirmek arkaly geçilýär.

Okuwyň dowamynda bilim alýanlardan test barlaglary we anketirleme alynýar. Bu bolsa okuwlary mundan beýläk hem kämilleşdirmegiň ugurlaryny ýüze çykarmaga ýardam edýär. Testirlemegiň netijeleri boýunça nebit we gaz tehnologik gurluşlarynyň operatory we ş.m. ugurlar boýunça şahadatnamalar gowşurylýar. Okuwlary geçirmek üçin Merkeziň binýadynda döwrebap personal kompýuterler bilen enjamlaşdyrylan amatly okuw otaglary bar. Olar zerur programma üpjünçiligi bilen üpjün edilendir.

Häzirki wagtda geçilýän okuw sapaklary nebitgaz senagatynda dünýäniň öňdebaryjy gazananlaryny nazara alyp taýýarlanyldy we kompaniýalaryň Türkmenistanda hereket etmeginiň zerurlyklaryna mümkin boldugyndan laýyklanyldy. Okuw sapaklaryny bu ugurdan ýokary hünär derejeli mugallymlary alyp barýar.

 

Meňzeş täzelikler

2014