Türkmenistanyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri HYF-nyň jemlerini we GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň duşuşygyna taýýarlygy maslahatlaşdylar

Penşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Ö.Meredow Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.W.Lawrow bilen telefon arkaly gepleşikde oktýabrda Aşgabatda geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine görülýän taýýarlyklar dogrusynda pikir alyşdylar. Şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

11-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi ýurdumyzyň şu ýylda Arkalaşyga başlyklyk etmeginiň çäginde esasy syýasy hadysa bolar.

Taraplar şu ýylyň 11-12-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen Birinji Hazar ykdysady forumynyň jemlerine ýokary baha berdiler.

Ýatlap geçsek, HYF-2019-nyň çäklerinde geçirilen duşuşyklaryň netijesi boýunça 57 sany halkara resminama gol çekildi. Şol sanda, maglumat tehnologiýalary, söwda-ykdysady we maliýe ulgamy, diplomatiýa, ulag, elektroenergetika, ýeňil senagat, oba we suw hojalygy ýaly ulgamlar boýunça resminamalar bar.

Meňzeş täzelikler

2014