Mary welaýatynda Gazçylaryň hünär taýýarlygynyň merkeziniň gurluşygy alnyp barylýar

Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň çäklerinde birnäçe bilelikdäki taslamalar durmuşa geçirilýär, şol sanda Mary welaýatynda Hünär taýýarlygy merkeziniň gurluşygy alnyp barylýar. Koreýanyň halkara hyzmatdaşlyk agentligi KOICA we «Türkmengaz» döwlet konserni bu desganyň buýrujysydyr.

Kwalifisirlenen potratçylar hökmünde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Çyzgy» hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçylary çykyş edýär. bahasy 2,4 mln amerikan dollaryndan gowrak bolen bu taslama Koreýanyň hökümetiniň maliýe goldaw bermeginde amala aşyrylýar.

Gurluşyk meýdançasynda kuwwatly awtotenikalar, göteriji kranlar, betongaryjylar we beýleki mehanzimlerdir enjamlar hereket edýär, bu bolsa ýerine ýetirilýän işleriň hiliniň ýokary bolmagyna ýardam eder. Bu günki güne çenli binanyň fasadyny keramogranit plitalary bilen oblisowka etmek boýunça işler tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.

Merkeziň içki giňişligi häzirki zaman binagärlik ülňülerine laýyk geler. Uly penjireler we witražlar ýagtylygyň köp mukdarda içeri düşmegine mümkinçilik berer, bu bolsa bilim alýanlaryň rahatlygyny ýokarlandyrar. Merkeziň täze binasy häzirki wagtda hereket edýän bina bilen utgaşykly sazlaşygy emele getirer. Täze binada bilim alýanlar mehanika, energetika, maglumat tehnologiýalary ulgamlarynda kämilleşdiriler.

Merkezi 2020-nji ýylyň fewralynda ulanyşa girizmek meýilleşdirilýär.

 

Meňzeş täzelikler

2014