BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisinde Türkmenistanyň energiýa geçirijileri ulgamynda täze başlangyç bilen çykyş eder

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi 17-nji sentýabrda Nýu-Ýorkda açyljak Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisinde Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlaryny neşir etdi. Bu ugurlar Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň şu gezekki mejlisiniň çäklerinde esasy iş ugurlaryny kesgitlär. Ileri tutulýan ugurlar özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygynyň has möhüm ugurlaryny öz içine alýar.

Baş Assambleýanyň 74-nji mejlisinde Aşgabadyň çykyş etjek başlangyçlarynyň we teklipleriniň içinde energetika ulgamynda degişli teklipler hem bolar. Hususan-da, Türkmenistan BMG-niň çäklerindäki işjeňligiň dowamy hökmünde Türkmenistan Baş Assambleýanyň 74-nji mejlisiniň barşynda halkara energetiki hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýän häzirki zaman pikirleri öz içine aljak BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde onuň hyzmaty» atly Kararnamanyň taslamasyny hödürlemegi meýilleşdirýär.

Türkmenistan geljekki mejlisde ähli gyzyklanýan taraplar bilen ählumumy energetika giňişliginde işleri alyp barmagyň umumy ýörelgeleriniň berjaý edilmeginiň üpjün edilmegine gönükdirilen BMG-niň häzirki zaman halkara-hukuk gurallarynyň jemini işläp taýýarlamak boýunça halkara bilermenler toparyny döretmek mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmagy teklip edýär.

Şol bir wagtda energiýa serişdelerini öndürmek, olary eltmek we ahyrky netijede peýdalanmak meselelerini öz içine alýan bitewi energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek esasy wezipeleriň hatarynda durýar. Şu hili toplumlaýyn çemeleşme Türkmenistanyň energetika syýasatynyň esasyny düzýär, ýurdumyzyň bu pudaga degişli teklipleriniň we anyk işleriniň mazmunyny we ugruny kesgitleýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly geçirilmegi boýunça öňe süren başlangyçlary dünýä bileleşigi tarapyndan giň goldawa mynasyp boldy. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2008-nji we 2013-nji ýyllarda bu ugurdaky Kararnamalaryň biragyzdan kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasy boldy. Onlarça döwletler bu resminamalaryň awtordaşy bolup çykyş etdiler.

 

Meňzeş täzelikler

2014