Türkmen-singapur gepleşikleriniň netijeleri boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Singapur Respublikasynyň Premýer-ministriniň duşuşygy tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Hususan-da, Diplomatik, gulluk ýa-da resmi pasportlaryň eýeleri üçin wiza talaplaryny özara ýatyrmak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Singapur Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga çekildi.

Girdejiler üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak we salgytlary tölemekden boýun gaçyrylmagynyň öňüni almak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Singapur Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyk söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirildi.

Hukuk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen Singapur Respublikasynyň Ýustisiýa ministrliginiň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi.

Netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna hormatly Prezidentimiziň şu taryhy saparyna gabatlanyp Singapurda geçirilen bilelikdäki işewürler maslahatynyň netijeleri boýunça gol çekilen Ylalaşyklar we Ähtnamalar hem girdi. Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Singapuryň Banklar assosiasiýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga hem-de Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Singapuryň «DBS Bank Ltd.» (Singapuryň ösüş bankynyň) arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanda himiýa önümleriniň mukdaryny artdyrmagyň we görnüşlerini giňeltmegiň taslamalary boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Indorama Corporation Pte Ltd» kompaniýasynyň (Singapur Respublikasy) arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen «Indorama Corporation Pte Ltd» kompaniýasynyň (Singapur Respublikasy) arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Singapuryň Işewürler federasiýasynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen Singapur Pte Ltd Dolandyryş we ösüş institutynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Şunuň ýaly resminama Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrligi bilen Singapuryň «Pacific International Lines Pte. Ltd.» kompaniýasynyň arasynda hem gol çekildi, şunda ulag we logistika ulgamynda hyzmatdaşlyk barada ylalaşyga gelindi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ugry boýunça özara düşünişmek hakynda «Vallianz Holdings» we «Sun Connect Pte. Ltd.» kompaniýalary bilen iki Ähtnama gol çekildi.

 

Meňzeş täzelikler

2014