HYF-2019 — Hazar Konwensiýasynyň ilkinji miweleriniň biri — bilermen

«Awazada» geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynyň dowamyndan ykdysady ugurly özara bähbitli taslamalaryň ençemesi durmuşa geçiriler, diýip hukuk ylymlarynyň doktory, Türkmenistanyň at gazanan hukukçysy, professor Myrat Haitow belleýär. Bu barada CentralAsia.news habar berýär.

— Bir ýyl mundan öň, 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Aktauda Russiýanyň, Eýranyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň liderler Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýa gol çekdiler. V hazar sammitiniň netijelerine baha berip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle belledi: «Sammitiň netijeleri boýunça Hazar geosyýasy we geoykdysady prosesleriň esasy merkezleriniň birine öwrülýär». Türkmen Lideri tarapyndan öňw sürlen birinji Hazar ykdysady forumy bolsa, Hazar Konwensiýasynyň ilkinji miweleriniň biri. Onuň dowamyndan ykdysady ugurly özara bähbitli taslamalaryň ençemesi durmuşa geçiriljekdigine ynam bildirýärin – diýip türkmen alymy belledi.

Hazar sebiti bilen bagly meseleler diňe bir hazarýaka döwletleriniň däl, eýsem, beýleki döwletleriň hem daşary syýasat strategiýasynda möhüm orun eýeleýärdi. Şonuň üçin hem Hazar Konwensiýasy ýük gatnawlarynyň ösüş mümkinçiliklerini giňeldýär, logistikanny ösdürmegiň täze mümkinçiliklerini açýar we hazarýaka döwletleriniň arasynda bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeldýär. Ahyrysoňunda Konsensiýa sebitde howpsuzlygy ýokarlandyrar we deňziň ekologiýa derejesini gowulandyrar, diýip bilermen hasaplaýar.

HYF-2019-yň çäklerinde geçirilen duşuşyklaryň jemleri boýunça halkara resminamalarynyň 57-sine gol çekildi. Şolaryň hatarynda maglumat tehnologiýalary, söwda-ykdysady we maliýe ulgamy, diplomatiýa, ulag, elektroenergetika, ýeňil senagat, oba we suw hojalygy ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmek meseleleri bar.

 

Meňzeş täzelikler

2014