«Galkynyş» käni özleşdirilýär

Energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilmegini diwersifikasiýalaşdyrmak bilen bir hatarda ýakyn geljek üçin öňde goýlan wezipeleriň hatarynda — tebigy gazyň we nebitiň çykarylyşyny artdyrmak, täze uglewodorod känlerini gözlemegiň we barlamagyň hasabyna pudagyň çig mal binýadyny berkitmek, guýulary burawlamak we düýpli abatlamak, şol sanda ýöriteleşdirilen daşary ýurt kompaniýalaryny we olaryň maýalaryny çekmegiň hasabyna boýunça işleri işjeňleşdirmek wezipeleri durýar.

Pudagyň çig mal binýadyny artdyrmak bilen bagly iri möçberli maýa goýum taslamalarynyň biri hem dünýäde iň iri gaz känleriniň biri bolan «Galkynyş» känini özleşdirmek bolup durýar. Onuň ätiýaçlyk gory «Ýaşlar» we «Garaköl» ýataklary bilen bile alnanda, 27 trillion kub metre barabardyr. Häzirki wagtda umumy meýdany 4 müň inedördül kilometrden gowrak bolan käniň ulanyş gaznasynda 40-dan gowrak guýy bar. Olaryň her biriniň debiti her günde iki million kub metr gaza deňdir,

Bu ýerde her ýylda 30 milliard kub metr harytlyk gaz öndürmäge mümkinçilik berýän desgalar toplumy işe girizildi. Şeýle hem täze gözleg we ulanyş guýularynyň gurluşygy alnyp barylýar. Ýerli kärhanalar bilen bir hatarda «Galkynyş» känini özleşdirmäge «Hyndai Engineering» we «LG Internatinal Cоrp» (Koreýa Respublikasy), «CNPC» (HHR), «Petrofac International» we «Gulf Oil & Gas Fze» (BAE) kompaniýalary dürli tapgyrlarda gatnaşdyrlar. Mundan başga-da, «Türkmengaz» döwlet konserniniň käni özleşdirmegiň çäginde desgalary gurmagyň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça «Itochu Corporation», «JGC Corporation», «Mitsubishi Corporation», «Chiyoda Corporation», «Sojitz Corporation» (Ýaponiýa), «Çalik» we «Rönesans» (Türkiýe) kompaniýalary bilen Çarçuwalaýyn ylalaşyklary bar.

Meňzeş täzelikler

2014