Aşgabatda Aral boýunça sebitleýin iş toparlarynyň duşuşygy geçirildi

Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Araly halas etmegiň halkara gaznasynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän «Aral deňzi sebitiniň ýurtlaryna kömek bermek» hem-de «AHHG-nyň institusional-hukuk gurallaryny kämilleşdirmek» boýunça hereketleriň maksatnamasyny» (ADSM-4) işläp taýýarlamak boýunça sebitleýin iş toparlarynyň ikinji duşuşygy geçirildi.

Duşuşyk Halkara hyzmatdaşlyk boýunça german jemgyýetiniň (GIZ) «Merkezi Aziýada suw serişdelerini serhetüsti dolandyrmak» atly sebitleýin maksatnamasynyň, Merkezi Aziýanyň Sebit ekologiýa merkezi (CAREC) bilen bilelikde amala aşyrylýan Ýewropa Bileleşiginiň «Merkezi Aziýada Neksus Dialog» atly taslamasynyň, ABŞ-nyň Halkara ösüş boýunça agentliginiň (USAID) «Suw, bilim we hyzmatdaşlyk» atly taslamasynyň hem-de ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkeziniň goldaw bermeginde AHHG-nyň Ýerine ýetiriji komiteti tarapyndan guraldy.

Sebitleýin iş toparlarynyň mejlisine Gazagystan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň, AHHG-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk toparynyň, Durnukly ösüş boýunça döwletara toparyň, şeýle hem GIZ we CAREC guramalarynyň wekilleri gatnaşýarlar.

2017 — 2019-njy ýyllarda AHHG-nyň başlygy bolmak bilen, ýurdumyz bu jogapkärli wezipäni ýerine ýetirmäge düýpli çemeleşip, ony ýörite işlenilip taýýarlanylan, Gaznanyň işini kämilleşdirmegi we onuň netijeliligini artdyrmagy, Aral deňzi sebitiniň ýurtlarynyň netijeli hyzmatdaşlygyny berkitmegi ugur edinýän Konsepsiýanyň esasynda amala aşyrýar.

Iki günlük Aşgabat duşuşygynyň gün tertibi dört ugruň her biri boýunça ADSM-4 maksatnamasyny işläp taýýarlamak we döretmek, şeýle hem AHHG-nyň guramaçylyk düzümini we şertnamalaýyn-hukuk binýadyny kämilleşdirmek bilen bagly taslama teklipleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagyny we ylalaşylmagyny öz içine alýar. Olaryň hemmesi Gaznany esaslandyryjy döwletlerde geçirilen milli geňeşmeleriň esasynda taýýarlanyldy.

Bu maksatnamanyň we öňde agzalan meseleleriň ähmiýeti 2018-nji ýylyň 24-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen AHHG-ny esaslandyryjy döwletleriň baştutanlarynyň sammitiniň jemleri boýunça kabul edilen Bilelikdäki Beýannamada öz beýanyny tapdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde geçirilen bu forum umumy abadançylygyň bähbitlerine gabat gelýän netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň ýolunda nobatdaky möhüm tapgyr boldy.

Şu günki duşuşyga gatnaşyjylar türkmen Lideriniň netijeli syýasy strategiýasyna ýokary baha berdiler. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda ýurdumyz Aral meseleleri bilen bagly bolan özara ylalaşykly we sazlaşykly möhüm wezipeleri işläp taýýarlamak babatda netijeli halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge önjeýli goşant goşýar.

Sebitleýin iş toparlarynyň ikinji duşuşygynyň çäklerinde AHHG-nyň institusional düzümini hem-de şertnamalaýyn-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça teklipler, şeýle hem Merkezi Aziýada durnukly ösüş üçin daşky gurşawy goramak boýunça Çarçuwaly Konwensiýa goşulmak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň jemleri boýunça geljekki gatnaşyklaryň ädimleri ylalaşyldy we degişli çözgütler kabul edildi.

 

Meňzeş täzelikler

2014