Hazar sebiti — parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň we ynanyşmagyň sebiti

Sanlyja günlerden Hazar deňziniň kenarynda hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň sammiti geçiriler. Hazar sebiti we onuň bilen bagly meseleler Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynda möhüm orun eýeleýär. Türkmenistan Hazar deňzi meselelerinde elmydama işjeň garaýyşlary öňe sürdi we geljekde hem muny dowam eder. Bäş sany hazarýaka döwletleriniň territoriýalary sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün edýän, köpýyllyk aragatnaşyklary bilen birleşdirilen kenarýaka döwletleriň we halklaryň arasyndaky özara gatnaşyklary ýokary bolmagyny, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkidýän, Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän, ulag-üstaşyr we söwda geçelgeleriniň netijeli hereket etmegini üpjün edýän tebigy geografiki giňişlikdir.

Forumyň çäklerinde halkara maslahaty, Hazar innowasion tehnologiýalarynyň sergisi geçiriler. Şeýle hem birnäçe duşuşyklar geçirilip, olaryň dowamynda hazarýaka döwletleriniň özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň ösüşini berkitmekde itergi bolup hyzmat etjek resminamalara we çarçuwaly ylalaşyklara gol çekiler.

2019-njy ýylyp 12-nji awgustynda geçiriljek Birinji Hazar ykdysady forumy hazarýaka döwletleriniň ählisiniň bu ugurdaky şertleri jebisleşdirmäge taýýardygynyň tassyknamasy bolar. Hazar deňzi elmydama parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň zolagy bolmagynda galmalydyr.

 

Meňzeş täzelikler

2014