Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň Premýer-ministrini wezipä girişmegi bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan jenap Boris Jonsona Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Premýer-ministri wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny ýollady.

Türkmen Lideri Gutlagynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigini belläp, bu gatnaşyklaryň halklaryň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna berk ynanýandygyny mälim etdi.

Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutany Premýer-ministr Boris Jonsona berk jan saglyk, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň dostlukly halkynyň gülläp ösmegine we rowaçlygyna gönükdirilen ähli başlangyçlarynda, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Meňzeş täzelikler

2014