Tähranda Birinji Hazar ykdysady forumyna taýýarlyk maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Eýrandaky ilçihanasynyň we Eýranyň söwda, senagat, şahtalar we oba hojalyk palatasynyň bilelikde gurnamagynda 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanan brifing geçirildi.

Maslahata Eýranyň söwda, senagat, şahtalar we oba hojalyk palatasynyň, daşary işler, senagat, ministrlikleriniň, EYR-nyň ýol we şäher gurluşygy ministrliginiň, Eýranyň söwdany ösdürmek guramasynyň, hazarýaka döwletleriniň ilçihanalarynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem ýurduň işewür toparlary gatnaşdy.

Brifingiň barşynda Türkmenistanyň EYR-daky ilçisi ýygnananlary ýakynda geçiriljek Birinji Hazar ykdysady forumy hakyndaky maglumat, şeýle hem onuň çäklerinde geçirilýän çäreler bilen tanyşdyrdy. Çykyşyň ahyrynda forum hakyndaky wideorolik görkezildi, şeýle hem gyzyklandyrýan soraglar boýunça pikir alyşmalar gurnaldy.

Hazarýaka döwletleriniň wekilleri forumy gurnamak boýunça Türkmenistanyň başlangyçlaryna ýokary baha berdirler we bu meýdançada aýry alnan ýurtlaryň we tutuş sebitiň ykdysady mümkinçiliklerini doly derejede görkezip biljekdigine ynam bildirdiler.

 

Meňzeş täzelikler

2014