Pudaklaýyn ýygnakda 2019-njy ýylyň birinji ýarymynda ýangyç-energetika toplumynyň işiniň netijeleri maslahatlaşyldy

Şu gün Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň Merkezi binasynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Myratgeldi Meredowyň ýolbaşçylygynda nebitgaz toplumynyň kärhanalarynda 2019-njy ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda edilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat maslahaty geçirildi.

Maslahatyň dowamynda «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy, Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň direktory ýylyň birinji ýarymynda edilen işler, şeýle hem 2019-njy ýylyň ahyryna çenli meýilnamalar barada hasabat bilen çykyş etdiler.

Hasabatlarda nebiti we gaz kondensatyny, tebigy we ugurdaş gazy çykarmak, «mawy ýangyjy» eksport etmek, çig maly gaýtadan işlemek, benzin, dizel ýangyjyny, çalgy ýaglaryny, polipropileni we beýleki nebit önümlerini öndürmek boýunça gazanylan netijeler, tehniki-ykdysady görkezijiler hakynda maglumatlar beýan edildi. Şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygynyň barşy hakynda habar berildi.

Hususan-da, Balkan welaýatyndaky Gyýanlydaky polimer zawodynyň, şeýle hem Ahal welaýatynda ýakynda işe girizilen tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň işi hakynda maglumat aýdyldy.

Maslahatyň barşynda «Türkmennebit» we «Türkmengaz» döwlet konsernleriniň, şeýle hem «Türkmengeologiýa» korporasiýasynyň we TNGIZT-niň önümçilik bölümleriniň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakynda giňişleýin hökümet mejlisinde beren tabşyryklaryny durmuşa geçirmek meseleleri maslahatlaşyldy.

Hususan-da, ýakynda wagtda guýulary burawlamak we düýpli abatlamak, suwuklandyrylan gazyň we nebit önümleriniň esasy görnüşleriniň önümçiliginiň mundan beýläk hem artdyrmak, täze uglewodorod känlerini gözlemegiň we barlamagyň hasabyna pudagyň çig mal binýadyny berkitmek boýunça işleri işjeňleşdirmek göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutanynyň tabşyrygy boýunça ýakynda ulanyşa girizilen tebigy gazdan sintetiki benzin öndürmek boýunça zawodyň marketing strategiýasyny, şol sanda dünýä bazarlarynda EKO-93 ekologiýa taýdan arassa awtomobil benzinini ýerleşdirmek boýunça ugry işläp düzmek meýilleşdirildi.

Ileri tutulýan beýleki meseleleriň hatarynda nebiti we gazy gaýtadan işlemek boýunça önümçilik desgalaryny netijeli peýdalanmaklygyň mümkinçilikleri, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, sarp edijilere gaz hasaplaýjylary oturtmak boýunça işleriň depginini işjeňleşdirmek wezipelerine garaldy.

Hasabat duşuşygynyň ahyrynda wise-premýer M.Meredow ýurduň ykdysadyýetiniň durnukly ösmeginde nebitgaz toplumynyň möhüm ornuny nygtap, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda öňde goýan maksatlaryny we tabşyryklaryny öz wagtynda ýerine ýetirmekligiň her bir işgär üçin ilkinji nobatdaky wezipedigini nygtady.

 

Meňzeş täzelikler

2014