«Şatlyk» şypahanasy gazçylaryň saglygyny berkidýär

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Marygazçykaryş» müdirliginiň «Şatlyk» şypahanasynda Türkmenistanyň gaz senagatynda zähmet çekýän gazçylaryň saglygyny berkitmek üçin ähli şertler döredilendir.

Diňe bir çalşykda şypahanada birbada 104 adam dynç alyp, beden saglygyny berkidip bilýär, ýylyň dowamynda bolsa, sagaldyş merkezi 2 müň adama hyzmat edýär.

Şypahananyň lukmançylyk işgärleriniň esasy wezipesi adamlaryň doly derejede saglygyny berkitmäge gönükdirilen netijeli bejergini bermekdir.

1500 metr çuňlukdan çykýan kükürtwodorod suwy şypahanada esasy bejeriji serişde bolup hyzmat edýär. Beýleki netijeli bejergilerden iňňe bejergisi, massaž, Mollagara bejergi beriji palçygy, ozokeriterapiýa we beýlekileri agzamak bolar. Dynç alýanlaryň wagtlaryny hoş geçirmekleri üçin yzygiderli bedenterbiýe-sagaldyş çäreleri we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda konsertler geçirilip durulýar.

 

Meňzeş täzelikler

2014