ÝB we Türkmenistan ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýär

Ýewropa Bileleşigi we Türkmenistan birnäçe ugurlar boýunça, şol sanda energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi meýilleşdirýärler. Bu meseleler Daşary işler ministrliginde Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Federika Mogerini bilen Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň geçiren duşuşygynyň barşynda maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň oňyn depginleri bellenildi, amala aşyrylan hem-de aşyrylýan bilelikdäki taslamalaryň we maksatnamalaryň, şol sanda bilim, daşky gurşawy goramak, ykdysadyýet, hususy pudagyň hem-de oba hojalygynyň ösüşini goldamak babatda taslamalaryň onlarçasynyň durmuşa geçirilýändigi nygtaldy.

Şeýle hem ulag ulgamlaryny we sebit energetika infrastrukturalaryny ösdürmek ulgamynda möhüm taslamalar, şol sanda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy maslahatlaşyldy we bilelikdäki strategik maksatlary durmuşa geçirmäge ygrarlylyk bellenildi.

Duşuşygyň çäklerinde «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ýewropa Bileleşiginiň, Atom energiýasy boýunça Ýewropa jemgyýetiniň arasynda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Wekiliýetini döretmek hem-de onuň artykmaçlyklary we goraglylygy hakynda» Ylalaşyga gol çekmek dabarasy boldy.

Meňzeş täzelikler

2014