Halk Maslahatynyň mejlisi 25-nji sentýabrda Aşgabatda geçiriler

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň — halk häkimiýetiniň iň ýokary wekilçilikli edarasynyň nobatdaky mejlisi 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda paýtagtymyzyň Ruhyýet köşgünde geçiriler. Bu Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan birinji ýarymýyllygyň netijelerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin hökümet mejlisinde gol çekilen resminamada kesgitlenildi. Häzirki wagtda ýurduň durmuşynda bu möhüm çärä taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň durmuşynda şanly waka bolan Halk Maslahatynyň mejlisiniň ähmiýetini belledi. Ol ýurdumyzyň baş baýramy bolan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda geçiriler. Onuň esasy mejlisini 25-nji sentýabrda geçirmek bellenildi. Şol gün zähmetde ýokary üstünlik gazanan raýatlarymyzy döwlet sylaglary bilen sylaglamak dabarasy geçiriler. Bu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutany «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmek hakynda» Permana we degişli Karara gol çekip, umumymilli forumyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigini belledi.

Konstitusiýa we umumy ykrar edilen demokratik ýörelgelere laýyklykda hereket edýän ýokary wekilçilikli edara bolmak bilen, Halk Maslahaty ilatyň giň köplüginiň möhüm jemgyýetçilik-syýasy çözgütleri kabul etmeklerine gatnaşygyny üpjün etmeklige gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisi 2018-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçirildi. Şol mejlisde 2019-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasynda durmuş-ykdysady ösüşiň we maýa goýumlaryň esasy ugurlary kesgitlenildi, ýurduň energetika strategiýasynyň ileri tutýan ugurlary bellenildi, agrosenagat toplumyny özgertmegiň ýollary, ýurduň ulag we senagat ulgamlarynyň ösdürmegiň esasy wezipeleri teklip edildi.

 

Meňzeş täzelikler

2014