2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň möçberleri 10 göterim ýokarlandyrylar

2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Türkmenistanda býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň işgärleriniň aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberleri 10 göterim ýokarlandyrylar.

Degişli Permana Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow geçen anna güni geçirilen hökümet mejlisinde gol çekdi.

Türkmenistan boýunça iň pes aýlyk zähmet haky 870 manat möçberde bellenildi.

Zähmet haklaryny ýokarlandyrmagy edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň gurluşyny kämilleşdirmegiň, önümçilik kuwwatlyklaryndan peýdalanmagyň netijeliligini we işgärleriň zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmagyň hem-de peýdalanylmaýan içerki mümkinçilikleri ulanmagyň hasabyna üpjün etmek tabşyryldy.

 

Meňzeş täzelikler

2014