«Türkmenistanyň nebiti we gazy 2019» forumy iri pudak kompaniýalarynyň top-menejerlerini ýygnar

Aşgabatda 22-23-nji oktýabrda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy 2019» ХХIV halkara maslahatyna dünýäniň iri nebitgaz kompaniýalarynyň top-menejerleri gatnaşmagy meýilleşdirýär. Bu forumy «Turkmen Forum» kompaniýasy bilen bilelikde «Türkmennebit» döwlet konserni gurnaýar.

CNPC, Dragon Oil, Petronas, Shell, Eni, NAPECO, Hyundai, Gazprom, Buried Hill, BP, Socar kompaniýalary Aşgabada öz wekillerini ibererler. Her ýyl geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» pudaklaýyn forumy ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin özüne çekiji meýdança hasaplanylýar. Duşuşyklaryň dowamynda ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň ýagdaýy we ösüşi maslahatlaşylar, uglewodorodlary gaýtadan işlemekde iri taslamalar, şol sanda Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň mümkinçilikleri hödürleniler.

Iri daşary ýurt kompaniýalarynyň top-menejerleri pudak düzümleriniň ýolbaşçylary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň we maýa goýum mümkinçiliklerini maslahatlaşarlar. Şol sanda Hazar deňziniň türkmen kenarynda maýa goýum taslamalaryna, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyna garamak meýilleşdirilýär. Şeýle hem forumyň çäklerinde birnäçe şertnamalara gol çekilmegine garaşylýar.

 

Meňzeş täzelikler

2014