«Türkmengaz» gazhimiýa ulgamynda täze taslamalary hödürledi

Ýakyn ýyllarda Türkmenistanda gazhimiýa ulgamynda birnäçe täze taslamalary durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär. Bu taslamalar «Arçabil» myhmanhanasynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 12-nji awgustda geçiriljek Birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanyp geçirilen halkara media-forumyň çäklerinde hödürlenildi. Media-foruma Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, daşary ýurtlaryň we ýurdumyzyň habar beriş serişdeleriniň wekilleri, syýasatşynaslar, şeýle hem žurnalistika hünäriniň talyplary gatnaşdylar.
«Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Akmyrat Çaryýew konserniň Foruma gatnaşygy hakynda habar bermek bilen ýerli we daşary ýurtly habar beriş serişdeleriniň wekillerine gazhimiýa ulgamynda täze taslamalary durmuşa geçirmek boýunça meýilnamalar hakynda gürrüň berdi. bu taslamalary ýurdumyzda ýakyn ýyllarda durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär.
Hödürlenilen taslamalar eksport ugurly ýokary bahaly önümleri öndürýän täze senagat önümçilik kuwwatlyklaryny döretmekligi göz öňünde tutýar. Şolaryň hatarynda — Lebap welaýatynda kauçuk we polistirol öndürýän zawod, Balkan welaýatynda ikinji polimer zawody (mälim bolşy ýaly, birinjisi 2018-nji ýylda ulanyşa girizilipdi).
Şeýle hem Daşoguz welaýatynda poliwinilasetiň (PVAC) we metanolyň önümçiligi döretmek meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, ýakynda Owadandepede açylan tebigy gazdan sintetik benzin öndürýän gazhimiýa toplumynyň ikinji tapgyryny bellenilendir.
«Türkmengaz» DK Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde bellenilen taslamalary durmuşa geçirmek boýunça mümkin bolan maýadarlar we hyzmatdaşlar bilen duşuşyklary geçirmegi meýilleşdirýär.

 

Meňzeş täzelikler

2014