TAP konsorsiumy Ýewropa täze gaz iberijileri çekmek üçin market-testlere başlady

Transadriatik (TAP) turba geçirijisini gurmak boýunça konsorsium tebigy gaz iberijilerde turba geçirijiniň kuwwatyna gyzyklanma döretmek hem-de has soňrakky tapgyrlarda TAP turba geçirijisini mümkin bolan täze kuwwatlyklar bilen üpjün etmek üçin market-testlere başlady. Bu barada Trend TAP Ag konsorsiumyna salgylanyp habar berýär.
Market-test iki tapgyrda geçiriler: birinji tapgyr 2019-njy ýylyň 1-nji iýulyndan başlandy, ikinji tapgyr 2020-nji ýylyň ikinji çärýeginden soň başlanar. «2020-nji ýyldan başlap, TAP Ýewropany täze gaz çeşmesi bilen üpjün edip, ilkibaşda ýylda 10 milliard kub metr tebigy gaz ibermegi meýilleşdirýär. Muňa garamazdan, TAP kuwwatlylygyny ýylda 20 milliard kub metre çenli artdyryp biler. Taslama häzirki wagta çenli 88 göterim ýerine ýetirildi. Biz turba geçirijiniň kuwwatyny Ýewropa gaz ibermekde islege laýyklykda artdyrmagy üpjün etmäge ýykgyn edýäris. Bu goşmaça gaz resurslaryny Ýewropa bazarlaryna ibermegi üpjün etmek üçin örän oňat mümkinçilikdir» diýip TAP-nyň dolandyryjy direktory Luka Skeppati belleýär.
Bahasy 4,5 mlrd ýewro barabar bolan TAP turba geçirijisi «Günorta gaz geçelgesi» taslamasynyň bir bölegidir. Ilkibaşda onuň kuwwaty ýylda 10 mlrd kub metr gaza barabar bolar we ony iki esse artdyrmak mümkin bolar. TAP turba geçirijisiniň gurluşygynyň 2020-nji ýylda tamamlanmagyna garaşylýar. Şol ýyl hem ilkinji azerbaýjan gazynyň Ýewropa ýetirilmegine garaşylýar.
Turba geçirijiniň uzynlygy 878 kilometre barabar bolup, onuň 550 kilometri Gresiýanyň, 215 km Albaniýanyň territoriýasy bilen, 105 km Adriatik deňziniň asty bilen we 8 km Italiýanyň territoriýasy bilen geçiriler. TAP-nyň paýdarlary: BP – 20%, SOCAR - 20 %, Snam - 20 %, Fluxys - 19 %, Enagás - 16 %, Axpo – 5 %.

 

Meňzeş täzelikler

2014