OPEC däl döwletler ylalaşygyň möhletini 9 aýlyk uzaltmaga goşuldylar


OPEC-iň düzümine girmeýän nebit çykarýan döwletler Hyzmatdaşlyk hakynda uzakmöhletleýin hartiýany oňladylar, diýip RF-iň energetika ministri Aleksandr Nowak habar berdi. Bu barada Interfaks belleýär. «Hartiýa biziň geljekki korporasiýamyzyň binýady bolmalydyr» - diýip ol belledi. Nowak OPEC+ wekillerine ony kabul etmek üçin el galdyrmak arkaly ses bermegi teklip etdi. çözgüt biragyzdan kabul edildi.
Saud Arabystanynyň energetika ministri Halid al-Falih şeýle hem OPEC däl döwletleriniň OPEC-iň nebit çykarmak boýunça ylalaşygynyň möhletini 9 aý uzaltmak hakyndaky çözgüdine goşulandygyny habar berdi. «Ylalaşygy 9 aýlyk uzaltmak ylalaşyldy we OPEC+ döwletleriniň 24-si tarapyndan Hartiýa gol çekildi» diýip ol belledi. Şonuň öňüsyrasynda OPEC nebitiň çykarylyşyny çäklendirmek hakynda ylalaşygyň möhletini ýene-de 9 aý — 2020-nji ýylyň martynyň ahyryna çenli uzaltmaklygy ylalaşdylar. Şol bir wagtda ylalaşygyň şertleri üýtgewsizligine galýar — OPEC döwletleri nebitiň önümçiligi boýunça çäklendirmäni günde 800 müň barrel derejesinde saklamaly. OPEC däl döwletleri çäklendirmäni günde 400 müň barrel derejede saklamaly.
OPEC däl döwletleri duşuşygy çäkli düzümde tamamladylar we nebitiň çykarylyşyny çäklendirmek hakynda ylalaşygyň möhletini ýene-de 9 aý uzaltmak hakynda ylalaşyga gol çekdiler, diýip Interfaks belleýär.

 

Meňzeş täzelikler

2014