Owadandepedäki GTG zawodynyň öndüren benzini Owganystana ýetirildi

Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän dünýäde ilkinji zawoddan iberilen ekologiýa taýdan arassa benziniň ilkinji tapgyry Owganystanyň çägindäki Akina demir ýol bekedine baryp ýetdi.
Ozal habar berlişi ýaly, 28-nji iýunda Ahal welaýatynyň çäginde tebigy gazdan benzin öndürýän täze innowasiýa – senagat toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşan pursatynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow demir ýol we awtoulag bilen Owganystan Yslam Respublikasyna täze zawodyň önümi — tebigy gazdan taýýarlanylan benziniň hem-de suwuklandyrylan gazyň iberilmegine badalga berdi.
Akina bekedinde tebigy gazdan taýýarlanylan benzin hem-de suwuklandyrylan gaz ýüklenilen demir ýol düzümini we awtoulag kerwenini Akina şäherçesiniň häkimi Azimi Başir Ahmad, Owganystanyň DIM-niň wekili Gulam Resul Aýmak, Akina bekediniň gümrük gullugynyň ýolbaşçylary, nebitgaz we demir ýol düzümleriniň, Owganystanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, «Aýna», «Batyr» we «Milli» teleýaýlymlaryň, Türkiýäniň «Anadoli Agenсu» habarlar agentliginiň we beýlekileriň wekilleri garşyladylar.
Soňra ynsanperwerlik ýüküniň owgan tarapyna dabaraly ýagdaýda gowşurylmagynyň dowamynda OYR-nyň resmi adamlary, ýerli häkimiýetiň wekilleri we ýaşaýjylary çykyş edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkyna yzygiderli doganlyk kömegi üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler, türkmen Liderine berk jan saglyk we alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikler, türkmen halkyna bolsa geljekde hem abadançylyk arzuw etdiler.
Zawodda her ýyl ekologiýa taýdan arassa, EURO-5 ölçeglerine laýyk gelýän EСО-93 sintetik benziniň 600 müň tonnasy, şeýle hem ugurdaş önümlerden suwuklandyrylan gazyň 115 müň tonnasy we düzüminde kükürt bolmadyk arassalanan dizel ýangyjynyň 12 müň tonnasy çykarylar. Bu önümleri daşarky bazarlarda hem ýerlemek göz öňünde tutulýar. Şol bir wagtda Ýewropanyň birnäçe döwletleri bu önümi almaga gyzyklanmalaryny mälim etdiler. Bolgariýa, Gresiýa, Rumyniýa we beýleki döwletler eýýäm sargytlaryny berdiler.

 

Meňzeş täzelikler

2014