Gurbanguly Berdimuhamedow Sindzo Abe iberen hatynda Ýaponiýa baryp görjekdigini aýtdy

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda tebigy gazdan benzin öndürýän täze kärhananyň açylmagy mynasybetli Ýaponiýanyň premýer-ministri Sindzo Abeniň iberen gutlagyna jogap hatynda ýapon tarapynyň çakylygy boýunça Imperator Naruhitonyň tagta çykmagy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin günüň dogýan ýurdy — Ýaponiýa baryp görjekdigini habar berdi.
Mälim bolşy ýaly, Ahal welaýatynda gurlan we dünýäde ilkinji zawod bolan täze senagat toplumynyň açylyş dabarasy Türkmen Lideriniň gatnaşmagynda 28-nji iýunda geçirildi. Bu şanly waka mynasybetli guralan dabarada Ýaponiýanyň hökümetiniň ýolbaşçysynyň adyndan onuň iberen gutlag hatyny bu ýurduň ykdysadyýet, söwda we senagat döwlet ministri Ýoşihiko Isozaki okady.
Özüniň jogap hatynda döwlet Baştutany däp bolan dostlukly, birek-birege ynanyşmak we netijeli döwletara gatnaşyklarynyň soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykandygyny we onuň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, abraýly halkara guramalarynyň, şeýle hem «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» gatnaşyklarynyň çäklerinde ösdürilýändigini aýratyn belledi.
Biziň ýurtlarymyz uzak möhletleýin esasda giň ugurlar boýunça ýola goýulýan netijeli gatnaşyklary ösdürmäge ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirýär. Öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň türkmen bazarynda alyp barýan netijeli işleri, olaryň milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmagy we köpugurly esasda ösdürmegi esasy ugur edinýän Türkmenistanda amala aşyrylýan iri düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmagy munuň aýdyň subutnamasydyr – diýip Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda aýdan sözleri üçin premýer-ministr Sindzo Abe minnetdarlyk bildirip, döwlet Baştutany Türkmenistanyň Ýaponiýany ygtybarly we möhüm hyzmatdaşy hasaplaýandygyny belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti jogap hatynda netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň köp ýyllyk tejribä we bar bolan ägirt uly mümkinçiliklere daýanmak arkaly, şeýle hem täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň hasabyna hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn esasda berkidiljekdigine we ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Belläp geçmeli zatlaryň biri, yzygiderli esasda geçirilýän işewür duşuşyklar, forumlar, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen komitetleriniň bilelikdäki mejlisleri geljegi nazarlaýan gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Şeýle ugurlaryň hatarynda senagat pudagy, hususan-da, gaz we himiýa senagatlary, ulag-aragatnaşyk ulgamy, oba hojalygy, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak ýaly ugurlar bar.

 

Meňzeş täzelikler

2014