Türkmenistanyň AÝGB-larynda EURO-5 ölçeglerine laýyk gelýän EСО-93 gaz benzini peýda bolar

Türkmenistanyň awtoulaglara ýangyç-guýujy beketleriniň birnäçesine EURO-5 ölçeglerine laýyk gelýän EСО-93 gaz benzini ýaýradylyp başlandy. Bu önüm 28-nji oýunda Ahal welaýatynda işe girizlen tebigy gazdan sintetiki benzin öndürmek boýunça zawodda öndürilip başlandy.
EСО-93 benzininiň 1 litriniň bahasy 2 manat. Ol ýurdumyzda satylyp gelinýän A-95, A-92 we A-80 benzinlerinden gymmat. Awtoulagyndan bölünip çykýan uglerod oksidiniň möçberiniň bellenen kadalara görä, 0,5 derejede bolmaly. EСО-93 benzini ulanylanda bu görkeziji 0,03 göterime deň boldy. Şeýlelikde, EСО-93 kysymly ýangyç ulanylanda uglewodorodlaryň bölünip çykmaýandygy tassyklanyldy. Ýangyjyň bu görnüşi ulanylanda, awtoulaglardan bölünip çykýan zyýanly gazlardan, kükürdiň oksidleri 50 esse, azodyň oksidleri 5 esse, uglerodyň oksidi 2 esse we uglewodorodlar 20 göterime çenli azalýar. Şeýle-de, bu benzin ulanylanda, awtoulaglaryň hereketlendirijilerinde emele gelýän zyýanly ýanyk örtükleri azalyp, şolaryň tehniki taýdan hyzmat ediş dowamlylygy 2 essä çenli uzalýar.
Habar berlişi ýaly, zawodda her ýyl ekologiýa taýdan arassa, EURO-5 ölçeglerine laýyk gelýän EСО-93 sintetik benziniň 600 müň tonnasy, şeýle hem ugurdaş önümlerden suwuklandyrylan gazyň 115 müň tonnasy we düzüminde kükürt bolmadyk arassalanan dizel ýangyjynyň 12 müň tonnasy çykarylar. «Türkmengaz» döwlet konserniniň buýurmasy boýunça onuň gurluşyk işlerini «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» ýapon kompaniýalarynyň konsorsiumy hem-de «Rönesans» türk kompaniýasy amala aşyrdy.

 

Meňzeş täzelikler

2014