Owadandepedäki zawodyň ekologik düzüjisi — geljek barada aladadyr — Piýa Skambelluri

— Deňi-taýy bolmadyk bu kärhananyň ulanylmaga berilmeginiň şeýle möhüm waka bolmagynyň örän köp sebäbi bar. Şol sebäpleriň esasysy bu taslamanyň ekologik tarapydyr hem-de biziň geljegimiz baradaky aladadyr diýip, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Daşky gurşawy goramak gaznasynyň Ýewropa sebiti boýunça utgaşdyryjysy Piýa Skambelluri belledi.
Galyndylary gaýtadan ulanmak boýunça täsin tehnologiýalaryň peýdalanylmagy bu senagat desgasyny dünýäde iň arassa zawod hökmünde öňe çykarýar, bu bolsa beýleki ýurtlar üçin nusgalyk bolup hyzmat edýär, diýip ol nygtady.
Ýatlap geçsek, täze zawodda her ýyl ekologiýa taýdan arassa, EURO-5 ölçeglerine laýyk gelýän EСО-93 sintetik benziniň 600 müň tonnasy, şeýle hem ugurdaş önümlerden suwuklandyrylan gazyň 115 müň tonnasy we düzüminde kükürt bolmadyk arassalanan dizel ýangyjynyň 12 müň tonnasy çykarylar.
Ýangyjyň bu görnüşi ulanylanda, awtoulaglardan bölünip çykýan zyýanly gazlardan, kükürdiň oksidleri 50 esse, azodyň oksidleri 5 esse, uglerodyň oksidi 2 esse we uglewodorodlar 20 göterime çenli azalýar.

 

Meňzeş täzelikler

2014