«Açyk gapylar» syýasaty Türkmenistanyň ykdysadyýetini täzeden ýokary götermek üçin esasy şert — Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň alyp barýan «Açyk gapylar» syýasaty ýurdumyzyň ykdysadyýetini täzeden ýokary götermek üçin esasy şert bolup durýar. Ol milli ykdysadyýetimiziň bäsleşige ukyply bolmagyny, mynasyp hyzmatdaş hökmünde mertebesini berkidýär. Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň dünýädäki diplomatik abraýyny ýokarlandyrýar. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tebigy gazdan awtomobil benzinini öndürýän zawodyň işe girizilmegine bagyşlanan dabarada eden çykyşynda belledi.
— Biziň ykdysady nusgamyz iň gowy dünýä tejribesini nazara almak bilen, döwlet we milli bähbitler, sebit hem-de ählumumy durnukly ösüşiň wezipeleri esasynda amala aşyrylýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan hyzmatdaşlyk etmegiň ähli ugurlarynda özüni ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hökmünde görkezýär – diýip Prezident belledi.
Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, ägirt uly çig mal gorlaryndan başga-da, Türkmenistan sebit bazarlarynda geljegi uly bolan täsirli döwlet hökmünde daşary ýurt işewürlerini özüne çekýär.
— Muňa jemi içerki önümiň ösüş depgini boýunça Türkmenistanyň Merkezi Aziýada iň ýokary görkezijini (bütin dünýäde ýokary görkezijileriň birini) gazanmagy hem doly şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň dünýäniň hojalyk gatnaşyklary ulgamyna, şol sanda üstaşyr-ulag geçelgelerini we innowasion-senagat taýdan ösüşiň täze ugurlaryny döretmek arkaly işjeň goşulýandygyny görkezýär - Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Häzirki döwürde dünýä dördünji senagat rewolýusiýasyny başdan geçirýär. Biziň ýurdumyz hem tehnologiýalary we nou-haulary alyşmak, ylmy köp talap edýän önümçilikleri döretmek, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda aň-bilim ulgamlaryny ornaşdyrmak we sanly utgaşmagy gazanmak arkaly bu işlere giňden çekilýär.
Sanly ykdysadyýete geçmek bilen, ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmegiň, bazar we düzümleýin özgertmeleri geçirmegiň, gaýtadan işleýän pudaklary diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň täze tapgyry başlanýar. Şeýlelikde, Türkmenistanyň bütin dünýäde dokma harytlaryndan başlap, gazhimiýa önümlerine çenli harytlary eksport edýän iri döwlet hökmünde orny güýçlenýär – diýip, Prezident belledi.

 

Meňzeş täzelikler

2014