Türkmenistanyň Prezidenti ýangyç-energetika toplumynyň eksport mümkinçiliklerini berkitmegi tabşyrdy

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde durýan wezipeler maslahatlaşyldy.
Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow gözegçilik edýän toplumyndaky işleriň ýagdaýy hem-de «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynyň» durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ýangyç çig malynyň çykarylýan möçberini artdyrmaga gönükdirilen birnäçe taslamalary ilerletmek boýunça görülýän çäreler barada habar berildi.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde durýan wezipeleriň wajypdygyny belläp, toplumyň eksport kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, nebiti hem-de gazy gaýtadan işlemek boýunça döwrebap önümçilikleri döretmek, nebit we gazhimiýa önümleriniň, iň ýokary ekologiýa ölçeglerine laýyk gelýän awtomobil benzininiň, dizel ýangyjynyň, awiasiýa kerosininiň, bitumyň, mazutyň, dürli ýaglaryň hem-de beýleki ýangyç serişdeleriniň öndürilişini artdyrmak, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça öňde goýlan wajyp meselelere ünsi çekip, wise-premýere bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Türkmen Lideri ýurdumyzyň işewür gatnaşyklary işjeňleşdirmek babatda anyk ädimleri ädýändigini, munuň bolsa dünýäniň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazaryna gyzyklanmasynyň artmagyny şertlendirýändigini aýdyp, Türkmenistanyň özara bähbitlilik esasynda hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdygyny nygtady.

 

Meňzeş täzelikler

2014