Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň täze ilçisi bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mettýu Stiwen Klimow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Türkmen Liderine aýdan mähirli salamyny ýetirdi. D.Tramp umumy abadançylygyň bähbitlerine kybap gelýän döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.
Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-nyň ýokary ýolbaşçylaryna iň oňat arzuwlaryny aýdyp, Bitarap Türkmenistanyň hem Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen deňhukukly, özara hormat goýmak häsiýetine eýe bolan däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklara uly ähmiýet berýändigini nygtady.
Döwlet Baştutany Mettýu Stiwen Klimowy jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde hem, abraýly halkara düzümleriň çäklerinde hem yzygiderli ösdürilýän türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagy babatda işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Duşuşygyň dowamynda Prezident hem-de ilçi döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary we geljegi barada pikir alyşdylar. Söhbetdeşligiň barşynda işewür düzümleriň ugry boýunça gatnaşyklara yzygiderli depginiň mahsusdygy bellenildi. Şu babatda «Türkmenistan — ABŞ» işewürlik geňeşine uly orun berilýär. Onuň işi özara bähbitli söwda gatnaşyklaryny giňeltmäge hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, maýa goýum işjeňligini höweslendirmäge we umuman, netijeli hyzmatdaşlygyň bar bolan uly mümkinçiligini durmuşa geçirmäge gönüden-göni ýardam bermäge gönükdirilendir.
Parahatçylygy, sebit hem-de ählumumy howpsuzlygy, döwrüň wehimlerine garşy hereket etmegi üpjün etmek meselelerinde hyzmatdaşlyk etmek hem döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz ugry bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa sebitinde durnukly ösüş üçin rowaçlygy pugtalandyrmagyň we şertleri döretmegiň möhüm ýagdaýy bolup durýan Türkmenistanyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilik döredijilikli syýasatynyň eýeleýän orny, şeýle hem milli Liderimiziň energiýa howpsuzlygy ulgamynda, ulag-aragatnaşyk pudagynda hem-de beýleki möhüm ugurlarda halkara gatnaşyklar babatda öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň ähmiýeti bellenildi.
Şunda Owganystandaky ýagdaýy parahatçylykly ýollar bilen düzgünleşdirmäge, goňşy döwleti durmuş-ykdysady taýdan täzeden dikeltmäge ýurdumyzyň uly goşandy nygtaldy. Bu bolsa TOPH transmilli gaz geçirijisi ýaly anyk düzümleýin taslamalarda öz beýanyny tapýar.
Duşuşygyň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de ABŞ-nyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mettýu Stiwen Klimow däp bolan türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň yzygiderli özara hoşniýetli erke daýanyp, täze anyk mazmun bilen baýlaşdyrmak arkaly mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

 

Meňzeş täzelikler

2014