Türkmenistanyň Prezidenti birinji Hazar ykdysady forumyna taýýarlyk görmegiň barşy bilen tanyşdy

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde şu ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna taýýarlyk görlüşiniň barşy bilen tanyşdy. Foruma görülýän taýýarlyk işleri dogrusynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunda Mejlisiň Başlygynyň, wise-premýerleriň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň, Balkan welaýatynyň häkiminiň gatnaşmagynda geçiren iş maslahatynda beýan edildi.

Bellenilişi ýaly, forumyň gün tertibi Hazar sebitinde hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli meseleleriň giň toplumyny gurşap alýar. Oňa gatnaşmak üçin hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, kenarýaka sebitleriň we ýerine ýetiriji edaralaryň baştutanlary, bank ulgamynyň, işleri Hazar bilen bagly bolan firmalaryň we kompaniýalaryň wekilleri, şeýle hem halkara ykdysady, maliýe, ulag, ekologiýa we beýleki guramalaryň, ylmy merkezleriň işgärleri çagyryldy.

Meýilleşdirilen çäreleriň hatarynda «Hazar: innowasion tehnologiýalar» we «Türkmen sährasy — 2019» sergileri we halkara maslahat bar. Maslahatda dünýä möçberinde Hazar sebitiniň ykdysadyýetiniň eýeleýän orny, nebitgaz, elektroenergetika, ulag, söwda, obasenagat, syýahatçylyk we beýleki pudaklarda maýa goýum taýdan özüne çekijiligiň ösüşiniň ýagdaýlary ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny we maksatnamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine, aýratyn, ýörite we erkin ykdysady zolaklary, bilelikdäki kärhanalary döretmäge we ösdürmäge, şeýle hem sanly ykdysadyýete kenarýaka döwletleriň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryna, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň hukuk taýdan düzgünleşdirilmegine, statistiki maglumatlaryň alşylmagyna we beýlekilere aýratyn üns berler.

Mälim bolşy ýaly, birinji Hazar ykdysady forumyny geçirmegiň senesi tötänden saýlanyp alynmady. Hut şol gün, 2006-njy ýylyň 12-nji awgustynda Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça çarçuwaly Konwensiýa güýje girdi. Şondan bäri bu sene sebitiň ýurtlary tarapyndan Hazaryň halkara güni hökmünde bellenilýär.

2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda bolsa Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň V sammitinde Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýa gol çekildi. Munuň özi örän uly halkara ähmiýetli taryhy waka öwrüldi. Geçen ýyl Gazagystanyň Aktau şäherinde geçirilen ýokary derejedäki şol duşuşykda hem Türkmenistanyň Prezidenti yzygiderli esasda Hazar ykdysady forumyny geçirmek hakynda teklibini aýtdy. Bu teklibi kenarýaka ýurtlaryň ählisiniň Baştutanlary goldadylar.

Öňde boljak forum halkara hyzmatdaşlyga täze itergi bermäge, şeýle hem sebit we sebitara söwda, ykdysady, syýahatçylyk hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilendir.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, Hazar sebitiniň ýurtlary bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagyň Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan daşary syýasat ýörelgesiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady. Ýurdumyz bu ugurda yzygiderli çäreleri görüp, sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň özara kabul ederlikli çözgütlerini işläp taýýarlamak, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça umumy tagallalara uly goşant goşýar.

Türkmenistan söwda-ykdysady gatnaşyklary diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, Hazar deňziniň eýe bolan ägirt uly tebigy-serişde, üstaşyr-ulag, energetika we senagat kuwwatyny netijeli durmuşa geçirmäge yzygiderli eýermek arkaly çykyş edip, kenarýaka ýurtlaryň bäşisiniň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge ýardam bermäge gönükdirilen anyk teklipleri yzygiderli esasda öňe sürýär diýip, döwlet Baştutany nygtady.

Ýakynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumy hem şuňa gönükdirilendir. Ol ýokarda agzalan ulgamlarda Hazarýaka ýurtlarynyň gazanan üstünliklerini, şeýle hem giň gerimli ugurlar boýunça, şol sanda innowasion tehnologiýalar, ekologiýa we suw diplomatiýasy babatda halkara hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyk etmäge olaryň mümkinçiliklerini görkezmäge gönükdirilendir.

Biz halklary köpasyrlyk taryhy-medeni gatnaşyklar bilen bagly bolan Hazarýaka ýurtlaryň arasyndaky doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, gadymy Hazaryň parahatçylygyň, dostlugyň we ylalaşygyň deňzi hökmündäki derejesiniň berkarar bolmagyna mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ýardam bereris diýip, Türkmen Lideri nygtady.

Döwlet Baştutany bular barada aýtmak bilen, Hazar forumynyň çäklerinde meýilleşdirilen çäreleriň iň ýokary derejede guralmagy we geçirilmegi bilen baglanyşykly ähli meseleleriň üstünde jikme-jik işlemegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutany iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşyjylara birnäçe anyk tabşyryklary berip, öňde goýlan wezipeleri çözmäge öňdebaryjy tejribeleri ulanmak bilen, ylmy esasda çemeleşmelidigini nygtady.

 

Meňzeş täzelikler

2014