Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putiniň türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň möhüm meselelerini maslahatlaşdy

Duşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikde türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň möhüm meselelerini maslahatlaşdy.

Iki ýurduň Liderleri möhüm hyzmatdaşlyk esaslaryna daýanýan döwletara gatnaşyklaryň däp bolan dostluk we işjeň häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen bellediler.

Söhbetdeşligiň dowamynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin ýokary derejede ozal gazanylan ylalaşyklaryň we dürli ugurlarda özara peýdaly gatnaşyklary ösdürmek üçin bar bolan ägirt uly mümkinçilikleriň çäklerinde, şeýle hem Türkmenistanyň GDA başlyklyk etmegini nazarda tutup, türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Döwletara gatnaşyklaryň ähli ugurlaryny öz içine alýan kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň döredilmegi taraplaryň uzak möhletleýin esasda ýola goýulýan gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge bolan üýtgewsiz meýillerini tassyk etdi.

Söwda-ykdysady, ýangyç-energetika toplumy we ulag-aragatnaşyk ulgamy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şu we beýleki pudaklar dünýä ykdysadyýetiniň esasy binýatlaýyn ulgamlarynyň biri bolup durýar. Türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň bellenen meýilnamalaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmekde, olary uly geljegi bolan taslamalar hökmünde kesgitlemekde bilelikdäki hökümetara topara möhüm orun degişlidir. Onuň nobatdaky mejlisi şu ýylyň maý aýynda Aşgabatda geçirildi.

Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň iri sebitleriniň arasynda ýola goýulýan gatnaşyklar okgunly ösdürilýär. Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna boljak sapary köpugurly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegini şertlendirer.

Ýurdumyzda Russiýanyň iri kompaniýalarynyň alyp barýan netijeli işleri özara peýdaly gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilýändiginiň subutnamasydyr.

Telefon arkaly geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda taraplar sebitleýin we ählumumy gün tertibiniň birnäçe möhüm meseleleri, ilkinji nobatda, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Şunlukda, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň, beýleki abraýly halkara düzümleriň çäklerindäki özara gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge bolan gyzyklanmalary tassyklandy.

Hazar deňzi boýunça hyzmatdaşlyk gyzyklanma bildirilýän ara alyp maslahatlaşmalaryň özenini düzdi. Şunlukda, geçen ýyl Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň V sammitiniň jemleri boýunça gol çekilen Hazar deňziniň hukuk derejesi baradaky Konwensiýa möhüm orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmen Lideri özüniň russiýaly kärdeşini ählumumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän sebitleýin we sebitara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gönükdirilen birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmaga çagyrdy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler däp bolan türkmen-rus gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de dostluk, ynanyşmak we işjeňlik ýagdaýynda ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

 

Meňzeş täzelikler

2014