Gurbanguly Berdimuhamedow Kasym-Žomart Tokaýewi Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewi Türkmenistana döwlet sapary bilen gelmäge çagyrdy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi. Saparyň möhleti diplomatik ýollar boýunça ylalaşylar.

Bu barada iki döwletiň Liderleri çarşenbe güni Türkmenistanyň Lideri bilen Gazagystan Respublikasynyň täze Prezidenti bilen bolan telefon arkaly söhbetdeşlikde ylalaşdylar.

Gurbanguly Berdimuhamedow öz kärdeşi Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de berk jan saglyk, abadançylyk we ýokary döwlet wezipesindäki jogapkärli işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Gazagystanyň Türkmenistan bilen dostluk gatnaşyklaryna hemişe ygrarlydygyny tassyklady. Bu gatnaşyklar özara hormat goýmak, düşünişmek we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanyp, soňky ýyllarda hil taýdan täze mazmuna eýe boldy.

Söhbetdeşligiň dowamynda döwlet Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, şunda özara tagallalaryň birleşdirilmeginde has uly kuwwata eýe bolan ulgamlara aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, söwda-ykdysady ulgamda, ulag-aragatnaşyk toplumynda, nebitgaz senagatynda, oba hojalygynda hem-de beýleki pudaklarda netijeli hyzmatdaşlygy geljekde hem giňeltmek üçin köpugurly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Munuň özi sebit we sebitara derejede täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin amatly şertleri döredýär.

Söhbetdeşligiň ahyrynda iki ýurduň Liderleri netijeli döwletara hyzmatdaşlygyň ähli ugurlar boýunça geljekde hem pugtalandyryljakdygyna hem-de giňeldiljekdigine ynam bildirip, Türkmenistanyň we Gazagystanyň halklaryna iň gowy arzuwlaryny aýtdylar.

 

Meňzeş täzelikler

2014