Türkmenistan üçin gaz toplumy — sanly ykdysadyýete geçmekde ileri tutulýan ugurlaryň biri — SAP SE

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda programma üpjünçiligini öndürýän «SAP SE» nemes kompaniýasynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Onuň barşynda kompaniýanyň hünärmenleri hyzmatdaşlyk boýunça we sanly ykdysadyýete geçmekligi üpjün etmek boýunça geljegi uly taslamalary hödürlediler.

Duşuşyk nemes kompaniýasynyň Türkmenistandaky hyzmatdaşy — «Turkmen-Tranzit» hojalyk jemgyýetiniň goldaw bermeginde geçirildi. «SAP SE-niň» tanyşdyrylyşy döwlet toplumynyň wekillerine gönükdirildi.

— Türkmenistan – örän baý döwlet, aýratyn hem tebigy serişdelerine baý. 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýete geçmegiň konsepsiýasynyň kabul edilendigi bize mälim. Ýöne munuň üçin «Nämeden başlamaly?» diýen sorag bar. Adatça munda köp sanly ugurlardan ybarat bolan taslamalaryň Ýol kartasy başlangyç bolup çykyş edýär – diýip «SAP SE» kompaniýasynyň Gündogar Ýewropada döwlet buýurmalary bilen işlemek boýunça wise-prezidenti Natalýan Panina ORIENT habarlar agentligine beren interwýusynda belledi.

— Türkmen ykdysadyýeti üçin gaz toplumy ileri tutulýan ugurlaryň biri – diýip Panina belledi.

Şunuň bilen baglylykda, ol gazyň önümçiliginiň netijeliligini artdyrmak üçin dünýäde özleşdirip boljak köp sanly tehnologik işläp taýýarlamalaryň bardygyny belledi.

— Umuman, sanlaşdyrmak bu dünýä boýunça ýörelgä öwrüldi. Her ýurduň sanly ulgama geçmek boýunça öz strategiýasy bar. Köp ýurtlar eýýäm oňaýly netijeleri gazanýar. Türkmenistan beýleki döwletleriň oňaýly tejribelerini özleşdirip biler. Şu ugurda, Aziýa-Ýuwaş ummany sebiti — Singapur, Günorta Koreýa, Awstraliýa, Täze Zelandiýa öňdebaryjy bolup durýar – diýip Panina nygtady.

Meňzeş täzelikler

2014