Gurbanguly Berdimuhamedow: Türkmenistanyň ykdysadyýetinde ylmyň ornuny ýokarlandyrmak zerurdyr

Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini mundan beýläk-de çaltlandyrmak, öňdebaryjy tehnologiýalar, innowasiýalar hem-de ylmyň gazananlary esasynda ykdysadyýetimizi ösdürmekde ylmyň tutýan ornuny has-da ýokarlandyrmak zerurdyr. Bu barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ylymlar akademiýasynda ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleri bilen geçiren duşuşygynda belledi.

Döwlet Baştutany şeýle hem ýokary hünär taýýarlykly hünärmenleri taýýarlamaklyga, ylmy-barlag işlerini alyp barmaklyga berilýän ünsi güýçlendirmegi tabşyrdy.

Organiki we organiki däl maddalary, minerallary, uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemegiň usullaryny düýpli öwrenmek bilen baglanyşykly anyk tabşyryklar berildi.

Ýurdumyzyň tebigy baýlyklarynyň esasynda gurluşyk, senagat, dokmaçylyk we durmuş maksatly täze materiallary döretmegi, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary işläp taýýarlamagy dowam etmeli, diýip Prezident belledi.

Gurbanguly Berdimuhamedow milli emeli hemramyzyň mümkinçiliklerini giň gerim bilen ulanmak boýunça netijeli işleri alyp barmagyň, häzirki zaman ulag-logistika merkezlerini döretmegiň, halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň syýasy we ykdysady ähmiýetini ylmy taýdan esaslandyrmagyň zerurdygyny nygtady.

 

Meňzeş täzelikler

2014