Türkmenistanyň hökümet derejesindäki wekiliýeti Peterburg Halkara ykdysady forumyna gatnaşar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän Türkmenistanyň wekiliýeti halkara ykdysady Forumyna gatnaşmak maksady bilen Sankt-Peterburg şäherine geldi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.

Wekiliýet forumyň plenar mejlisine gatnaşar, şeýle hem Türkmenistanyň beýleki döwletler hem-de halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirer.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň ýakynda Aşgabatda geçirilen mejlisinde eden çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti innowasiýalar we ýokary tehnologiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini belledi, şeýle hem Arkalaşygyň döwletleriniň energetika ulgamynyň köptaraply taslamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmagynyň wajypdygyny nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedew bilen geçiren duşuşygynda Türkmenistan bile Russiýanyň hyzmatdaşlygynyň strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýedigini hem-de ösüş ugry boýunça ikitaraplaýyn görnüşde depginli ösdürilýändigini belledi. Ýakynda paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň çäklerinde sebit we dünýä syýasatynyň meseleleri bilen birlikde, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryna garaldy. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy we ynsanperwer gatnaşyklary has-da pugtalandyrmagyň geljegine aýratyn üns berildi.

Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, häzir Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ösýär. Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşynda getirilen birnäçe mysallaryň bilelikde haýsy taslamalaryň amala aşyrylýandygyna we nähili netijeleriň gazanyljakdygyna aýdyň şaýatlyk edýändigini belledi. Bular hem ikitaraplaýyn taslamalar hem-de sebitara we hatda halkara ähmiýetli taslamalardyr.

Öňde boljak Hazar ykdysady forumy hem möhüm sebitara ähmiýete eýedir. Onuň işine Russiýanyň wekilleri hem hökman gatnaşar. Bular barada aýtmak bilen, Dmitriý Medwedew bu forumyň örän ýokary derejede geçiriljekdigine hem-de täze gyzykly taslamalaryň onuň netijesine öwrüljekdigine ynam bildirdi.

Meňzeş täzelikler

2014