Türkmenistanyň Prezidenti we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygy strategik hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedew bilen duşuşyk geçirdi.

Ir bilen, GDA ýurtlarynyň hökümet Baştutanlarynyň sammitiniň başlanmazynyň öňüsyrasynda, Gurbanguly Berdimuhamedow wagtyň geçmegi bilen gymmatlyga öwrülen GAZ-21 kysymly «Wolga» awtoulagyna erk edip, belent mertebeli myhmanyň sapary mahalynda kabulhanasynyň ýerleşen ýeri bolan kaşaň «Oguzkent» myhmanhanasyna geldi. Bu ýerde milli Liderimizi Russiýa Federasiýasynyň Premýer-ministri D.Medwedew garşylady.

Gysga söhbetdeşlikden soň, Türkmenistanyň Prezidenti we Russiýa Federasiýasynyň Premýer-ministri awtoulagda resmi duşuşygyň geçirilýän ýerine ugradylar. Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň Başlygynyň Aşgabada sapary strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýe bolan hem-de ösüş ugry boýunça ikitaraplaýyn görnüşde depginli ösdürilýän Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlyga täze itergi berer.

Ýakynda paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň çäklerinde sebit we dünýä syýasatynyň meseleleri bilen birlikde, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryna garaldy. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy we ynsanperwer gatnaşyklary has-da pugtalandyrmagyň geljegine aýratyn üns berildi.

Gazanylan ylalaşyklar eýýäm öz anyk netijelerini berýär. Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, dek düýn ýurdumyza Çelýabinskiniň zawodyndan turbalar gelip gowuşdy. Iri möçberli taslamalary durmuşa geçirmäge türkmen we rus kärhanalarynyň bilelikde gatnaşmagynyň şunuň ýaly mysallaryny örän köp getirip bolar diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Iri möçberli taslamalary durmuşa geçirmäge türkmen we rus kärhanalarynyň bilelikde gatnaşmagynyň şunuň ýaly mysallaryny örän köp getirip bolar diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow ylym, bilim, saglygy goraýyş we medeniýet, sport hem-de syýahatçylyk ýaly giň gerimli ugurlary gurşap alýan ynsanperwer hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini nygtap, Türkmenistanda orta mekdeplerde we ýokary okuw mekdeplerinde öwrenilýän hem-de adamlaryň gürleşýän rus diline hormat bilen garalýandygyny belledi.

Gurbanguly Berdimuhamedow Hazarda hyzmatdaşlyk etmek baradaky meselä ünsi çekip, Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň geçen ýyl geçirilen V sammitiniň ähmiýetini nygtady. Hazar deňziniň hukuk derejesi barada konwensiýa gol çekilmegi şol sammitiň möhüm netijesi boldy. Bu bolsa kenarýaka ýurtlaryň özara gatnaşyklarynyň taryhynda täze döwrüň başlanýandygyny alamatlandyrdy.

Şunuň bilen baglylykda, milli Lider Russiýa Federasiýasynyň netijeli çemeleşmesine ýokary baha berdi. Şonuň netijesinde, hemişe parahatçylygyň we hoşniýetli goňşuçylygyň zolagy bolup galmaly Hazar boýunça ençeme möhüm meseleleriň çözülmegini gazanmak mümkin boldy.

Şu ýylyň awgustynda biziň ýurdumyzda birinji Hazar ykdysady forumy geçiriler. Hazarýaka döwletleriniň ählisi tarapyndan goldanylan Türkmenistanyň bu başlangyjynyň möhümdigine bu foruma gatnaşmaga Ýer ýüzüniň ähli künjeklerinden isleg bildirýänleriň örän köp bolmagy hem şaýatlyk edýär.

Hazar sebiti ägirt uly ykdysady we üstaşyr-ulag kuwwatyna eýedir. Şol kuwwaty, kenarýaka döwletleriniň halklarynyň bähbidine bolşy ýaly, dünýäniň beýleki halklarynyň bähbidine hem peýdalanyp bolar diýip, Türkmenistanyň Baştutany nygtady.

Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, häzir Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ösýär. Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşynda getirilen birnäçe mysallaryň bilelikde haýsy taslamalaryň amala aşyrylýandygyna we nähili netijeleriň gazanyljakdygyna aýdyň şaýatlyk edýändigini belledi. Bular hem ikitaraplaýyn taslamalar hem-de sebitara we hatda halkara ähmiýetli taslamalardyr.

myhman Türkmenistanda geçirilýän halkara maslahatlar baradaky gürrüňe degip geçip, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň häzirki ýagdaýlar boýunça pikir alyşmak, GDA-nyň çäklerinde ykdysady işleriň we birnäçe ynsanperwer taslamalaryň ösüşiniň barşyna baha bermek üçin oňat çärä öwrüljekdigini belledi.

Öňde boljak Hazar ykdysady forumy hem möhüm sebitara ähmiýete eýedir. Onuň işine Russiýanyň wekilleri hem hökman gatnaşar. Bular barada aýtmak bilen, Dmitriý Medwedew bu forumyň örän ýokary derejede geçiriljekdigine hem-de täze gyzykly taslamalaryň onuň netijesine öwrüljekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow Dmitriý Medwedewe türkmen halkynyň ynamly ýoldaşy we dosty hasaplanýan türkmen alabaýyny sowgat berdi.

Öz gezeginde, D.Medwedow Türkmen Liderine «Türkmenistanyň arhitektura ýadygärlikleri» atly kitaby sowgat berdi. Kitap 1939-njy ýylda neşir edilip, türkmenleriň orta asyr binagärlik ýadygärliklerine bagyşlanypdyr. Onda gazdymy Merwiň we beýleki ýadygärlikleriň suratlandyrmasy ýerleşdirilipdir.

Meňzeş täzelikler

2014