GDA döwletlerine geoykdysady mümkinçiliklerinden doly derejede peýdalanmak zerurdyr — Türkmenistanyň Prezidenti

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy häzirki wagtda täze syýasy we ykdysady şertlerde öz işlerini amala aşyrýar, diýip Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde eden çykyşynda belledi.

— Biziň ýurtlarymyz geografik taýdan birleşendir, umumy taryhy tejribä eýedir, şolary köpugurly ynsanperwer gatnaşyklar birleşdirýär we biz üýtgäp durýan häzirki zaman şertlerinde öz mynasyp ornumyzy eýelemelidiris. Şol bir wagtda, GDA döwletlerine özleriniň eýe bolan tebigy artykmaçlyklaryndan, ozaly bilen bolsa, geoykdysady babatda ählumumy we yklym derejeli wakalara doly derejeli, netijeli we deňhukukly gatnaşmak üçin bu mümkinçiliklerinden peýdalanmak zerurdyr.

Muňa, ilkinji nobatda, Arkalaşygyň çäklerinde hyzmatdaşlygy has giň geografiýa we ykdysady giňişliklere çykarmak boýunça Türkmenistanyň başlangyçlary gönükdirilendir. Gürrüň, ozaly bilen, biziň 2017-nji ýylda Soçi şäherinde geçirilen GDA-nyň sammitiniň barşynda çykyş edip, ulag, logistika we energetika ulgamynda ilkinji gezek öňe süren tekliplerimiz barada barýar. Mälim bolşy ýaly, bu başlangyçlaryň esasy many-mazmuny GDA ýurtlarynyň Ýewraziýada giň gerimli düzümleýin taslamalary, Arkalaşygyň çäklerinden çykýan gündogar — günbatar we demirgazyk — günorta ugry boýunça iri taslamalary durmuşa geçirmäge has işjeň gatnaşmagyndan ybaratdyr.

GDA ýurtlarynyň şeýle taslamalara gatnaşýandygy barada eýýäm oňat mysallar bar. Her ýylda 10 — 12 million tonna ýük daşamaga ukyply Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň gurulmagy Arkalaşygyň ähli döwletleri üçin günorta ugurda — Pars aýlagy we Ýakyn Gündogar ugry boýunça ulag düzümine goşulyşmaga mümkinçilik döredýär. Türkmenistan Özbegistan bilen bilelikde täze üstaşyr geçelgäni döredýär, ol gysga ýol bilen Eýranyň, Omanyň we Hindistanyň deňiz portlaryna çykmaga mümkinçilik berer.

Biz Azerbaýjan bilen bilelikde Merkezi Aziýa, Hazar we Gara deňizleriniň sebitlerini netijeli birleşdirmegiň ugrunda işjeň işleýäris. Bir söz bilen aýdanyňda, ägirt uly yklym giňişliklerini öz içine alýan köp şahaly birleşdirilen ulag ulgamy kemala gelýär. Şeýle görnüşde Arkalaşygyň ýurtlarynyň gatnaşmagy tebigy we bähbitli bolup durýar. Şeýle hem ol deňze göni çykalgasy bolmadyk GDA döwletleriniň kanuny bähbitleriniň üpjün edilmeginiň maksadyna laýyk gelýär, diýip Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti 2018-nji ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Hazar kenarynda Türkmenbaşy şäheriniň portuny gurmak hem-de ony döwrebaplaşdyrmak işleriniň tamamlanandygyny aýratyn nygtady. Häzirki wagtda bu kuwwatly, köpugurly terminal tehnikanyň iň soňky gazananlary bilen üpjün edilip, Aziýanyň we Ýewropanyň arasynda ulag gatnawlarynyň gowulandyrylmagyna gönükdirilendir. Türkmenbaşynyň porty yklym ähmiýetli ägirt uly ulag merkezleriniň biri hökmünde ykrar edildi. Onuň mümkinçiliklerini doly derejede peýdalanmagyň GDA-nyň ýurtlary üçin örän bähbitlidigi äşgärdir.

Hazar sebiti diňe bir kenarýaka ýurtlaryň özi üçin däl-de, beýleki döwletler, şol sanda GDA gatnaşyjy ýurtlar üçin hem işewürlik bähbitleriniň birleşdirilýän strategik merkezi bolmagyna gönükdirilendir. Biziň birinji Hazar ykdysady forumyny geçirmek baradaky başlangyjymyz hem şu maksada gönükdirilendir, ol şu ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde geçiriler, diýip Prezident belledi.

Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Baştutany GDA-nyň ähli ýurtlarynyň wekiliýetlerini oňa gatnaşmaga çagyrdy.

Meňzeş täzelikler

2014