Türkmenistanyň Prezidenti GDA döwletlerini sebit energetika taslamalaryna gatnaşmaga çagyrdy

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň giňişleýin düzümde geçirilen mejlisinde eden çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Arkalaşygyň döwletleriniň energetika ulgamynda köptaraply taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmagynyň wajypdygyny belledi.

Gürrüň, ilkinji nobatda, GDA bilen gündogar we günorta ugurlarda serhetdeş sebitler bolan Hytaýa, Owganystana, Pakistana, Hindistana energiýa serişdelerini uzakmöhletleýin ibermek barada barýar.

Arkalaşygyň birnäçe ýurtlary Ýewraziýada iň iri uglewodorod serişdelerini öndürijileriň we iberijileriň hataryna girýär, diýip Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Kuwwatly serişde binýady, üstaşyr geçirmegiň artykmaçlyklary energiýa serişdelerini halkara bazarlara ibermek boýunça iri möçberli, köp babatda täsin taslamalaryň amala aşyrylmagyna mümkinçilik berýär. Türkmenistandan Hytaýa çekilen gaz geçiriji munuň aýdyň mysalydyr. Onuň bir bölegi Özbegistanyň we Gazagystanyň çäklerinden geçirildi.

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy barada-da şulary aýdyp bolar. Bu ugurdaky işler eýýäm doly güýjünde barýar. Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, bu taslama oňa gyzyklanma bildirýän GDA döwletleriniň dürli görnüşde gatnaşmagy üçin geljegi açýar. Ugurdaş düzümleriň gurulmagy, hyzmatlar, taslamany amala aşyrmak üçin zerur enjamlary we tehnikalary ibermek barada hem gürrüň edip bolar.

Türkmen Lideri energiýa akymlarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy babatda Arkalaşygyň döwletleriniň öz kuwwatlyklaryny durmuşa geçirmek üçin hemme mümkinçiliklere eýedigine ynam bildirdi. Bu işlere yklymyň iri ýakynlaşdyryjy düzümleriniň goşulyşmagy üçin anyk geljek görünýär. Şol düzümlere gatnaşyjylar GDA-nyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň ýurtlarydyr.

 

Meňzeş täzelikler

2014