«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2019» XXIV Halkara maslahatyna we sergisine taýýarlyk başlandy

29-njy maýda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2019» atly XXIV halkara maslahatyny we sergisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. «Türkmennebit» döwlet konserniniň hem-de ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde gurajak forumyny 22 — 24-nji oktýabrda Aşgabatda geçirmek bellenilýär.

Wise-premýer şeýle hem  ýangyç-energetika toplumynyň dürli pudaklarynda işleriň ýagdaýy, «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny» durmuşa geçirmek üçin görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýäniň energetika döwletleriniň hataryna girýän Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, dünýä bileleşiginde ýurdumyzyň abraýyny artdyrmak, pudakda gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyrmak, onuň ägirt uly kuwwatyny görkezmek üçin sergi-kongres işiniň ähmiýetiniň uludygy bellenildi.

Şunuň ýaly çäreleriň energetika howpsuzlygynyň täze gurluşyny kemala getirmek, tejribe alyşmak, maýa goýumlaryny we täze tehnologiýalary çekmek, daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleri bilen göni aragatnaşyklary ýola goýmak nukdaýnazaryndan hem ähmiýeti uludyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2019» atly maslahaty guramak we onuň maksatnamasy babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berip, forumyň täze taslamalara badalga bermek, nebitgaz senagatynda dünýä meýilleri bilen tanyşmak üçin netijeli çärä öwrülip gelýändigini aýtdy.

Meňzeş täzelikler

2014