«Täjibaý» diýen geljegi uly meýdançadaky täze guýudan tebigy gazyň senagat akymy alyndy

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň çäklerinde ýerleşen «Täjibaý» diýen geljegi uly meýdançada 2 müň 400 metr çuňlugy bolan guýynyň buraw işleri tamamlady. Netijede şol ýerden senagat ähmiýetli kükürtsiz tebigy gazyň akymy alyndy. Häzirki wagtda «Türkmengaz» döwlet konserniniň ylmy-barlag instituty tarapyndan täze açylan ýatagyň gorlaryny hasaplamak işleri alnyp barylýar.

Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow hökümet mejlisinde habar berdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň eýe bolan baý tebigy serişdelerini netijeli peýdalanmagyň ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli maksatnamalary üstünlikli ýerine ýetirmegiň möhüm şertidigini nygtady. Şol maksatnamalar milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň güýçli depginini üpjün etmäge, ilatyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Döwlet Baştutany ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde durýan anyk wezipelere ünsi çekip, wise-premýere täze nebitgaz ýataklaryny senagat taýdan ulanmaga girizmek boýunça işleri işjeňleşdirmegi tabşyrdy. Bu ugurda amala aşyrylýan taslamalar ekologiýa taýdan arassa ýangyjyň eksportyny artdyrmaga hem-de ýurdumyzda gurlan nebiti we gazy gaýtadan işleýän önümçilikleri çig mal bilen ygtybarly üpjün etmäge ýardam bermäge gönükdirilendir.

Meňzeş täzelikler

2014