Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komiteti özara hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini maslahatlaşar

23-nji maýda Aşgabatda Türkmen-ýapon ykdysady komitetiniň nobatdaky mejlisi geçiriler. Duşuşygyň gün tertibine uly mümkinçilikleri bolan özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da berkitmegiň we ösdürmegiň meseleleri giriziler. Bu barada anna güni geçirilen hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hasabat berdi.

Mejlisiň dowamynda döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmek, şol sanda göni işewür gatnaşyklary ýola goýmak, dürli ugurlarda bilelikdäki kärhanalary döretmek, eksport, import amallaryny, haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, şeýle hem degişli teklipleri öwrenmek boýunça anyk çäreleri ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.

Şunuň bilen birlikde, ýapon kompaniýalarynyň hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini öwrenmek bilen, Türkmenistanda amala aşyrylmagy meýilleşdirilen nebitgaz we himiýa pudaklarynda iri taslamalara ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagy bilen bagly meselelere serediler.

Gurluşyk senagatynda, ulag-aragatnaşyk we logistika ulgamynda, hususan-da, demir ýol pudagynda, ýurdumyza ýapon awtomobil tehnikalaryny getirmek we hyzmat ediş merkezlerini açmak ugry boýunça özara gatnaşyklaryň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar. Mejlise taýýarlyk görmegiň çäklerinde şu ugurlar boýunça resminamalaryň taslamalary işlenip taýýarlanylýar.

Bulardan başga-da, mejlisde hyzmatdaşlygy giňeltmegiň hem-de saglygy goraýyş, oba hojalygy, ylym, bilim we syýahatçylyk pudaklaryna öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň mümkinçiliklerine serediler. Onuň jemleri boýunça degişli Teswirnama gol çekmek göz öňünde tutulýar hem-de ikitaraplaýyn duşuşyklary guramak meýilleşdirilýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň möhüm işewür hyzmatdaşy hasaplanýan Ýaponiýa bilen köpugurly gatnaşyklaryň has-da ösdürilmeginiň Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak babatda ileri tutulýan ugurlaryň biridigini nygtady.

Bu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz söwda-ykdysady ulgamda, şol sanda senagat pudagynda, maýa goýum işleri boýunça özara bähbitli türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ägirt uly kuwwatyny işjeň ulanmagyň zerurdygyny belledi.

Milletiň Lideri Türkmenistanyň senagatlaşdyrmaga tarap alan ugrunyň öňdebaryjy ýokary netijeli we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň esasynda işleýän, ylmy işleri talap edýän önümçilikleri döretmäge gönükdirilendigini, bu ugurda ýapon hyzmatdaşlaryň tejribesini mundan beýläk-de öwrenmegiň zerurdygyny aýtdy.

Bu gün dürli pudaklarda täze bilelikdäki taslamalary amala aşyrmakda, netijeli işewür gatnaşyklary diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde tagallalary üstünlikli birleşdirmek üçin uly mümkinçilikler açylýar. Şonuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Prezidenti däbe öwrülen medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň aýrylmaz bölegidigini belläp, bu ulgamy yzygiderli ösdürmegiň wajypdygyny nygtady.

 

Meňzeş täzelikler

2014