Türkmenistanda Ýeňiş güni dabaraly ýagdaýda bellenilip geçildi

Türkmenistanda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 74 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenildi. 9-njy maýda irden «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynyň etegine türkmenistanlylar gül desselerini goýdular.

«Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynyň «Baky şöhrat» ýadygärliginiň etegine Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gül sebedi goýuldy. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, milli parlamentiň deputatlary, zähmetkeş toparlarynyň wekilleri, şeýle hem paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda wepat bolan gahrymanlara çuňňur hormatyň nyşany hökmünde ýadygärlige gül desselerini goýdular.

Türkmen halky Beýik Ýeňşiň gazanylmagyna mynasyp goşandyny goşdy. Urşuň ýowuz ýyllarynda edermen türkmenistanly esgerleriň müňlerçesi beýleki doganlyk halklaryň wekilleri bilen bilelikde janlaryny gaýgyrman, frontlarda söweşip, deňsiz-taýsyz edermenlik we gahrymançylyk görkezdiler. Olaryň hatarynda Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy Berdimuhamet Annaýew hem bolup, onuň durmuş ýoly bu gün türkmen ýaşlary üçin hakyky watançylygyň, edermenligiň we borjuňa wepalylygyň nusgasy bolup hyzmat edýär.

Şol gün urşa gatnaşan weteranlar bu gün Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde guralan baýramçylyk konsertiniň hormatly myhmanlary boldular, bu ýerde harby gullukçylaryň döredijilik toparlary watançylyk aýdymlaryny we edebi-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler.

Baýramçylyk dabaralary bu gün tutuş ýurdumyzda bellenildi. Şäherleriň we obalaryň ýaşaýjylary Watanymyzyň edermen goragçylaryna baş egmek bilen, 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda wepat bolan milli Gahrymanlarymyzyň hormatyna dikeldilen ýadygärlige gül desselerini goýdular.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählitaraplaýyn aladalary netijesinde fronta gatnaşyjylara, tylda zähmet çekenlere we esger ojagyny saklap oturan enelere köp sanly ýeňillikler berilýär. Beýik Ýeňşiň hormatyna her ýyl uruş weteranlaryna, şeýle hem uruşda wepat bolan esgerleriň yzynda galan naçar enelerimize dabaraly ýagdaýda gymmat bahaly sowgatlar gowşurylýar.

 

Meňzeş täzelikler

2014