«Nebit-gaz» gazetiniň redaksiýasy döredijilik duşuşygyny geçirdi

Ýakynda «Nebit-gaz» gazetiniň redaksiýasynda Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi Gözel Şagulyýewa bilen döredijilik duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda zenan şahyra iri infrastruktura taslamasynyň — Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan halkara gaz geçirijisiniň ugrunyň şekillendirilen suraty sowgat berildi. Bu gaz geçirijisiniň gurluşygy Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen häzirki wagtda üstünlikli alnyp barylýar.

Gözel Şagulyýewanyň köptaraply döredijiligi hiç kimi parhsyz goýmaýar. Öz şygyrlarynda şahyr Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanylan üstünlikleri, depginli ösýän Watanymyzy, ajaýyp türkmen topragyny we tebigatyny,päk ynsan söýgüsini çeper beýan edýär.

«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany!» ýylynyň ruhy bilen dolan duşuşykda şahyr zenan ýygnananlaryň haýyşy boýunça täze şygyrlaryny okap berdi we döredijilik meýilleri bilen paýlaşdy. Täsirli geçen duşuşyk oňa gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak duýgulary galdyrdy.

Belläp geçmeli zatlaryň biri hem, şahyr Gözel Şagulyýewa bilen döredijilik duşuşygy «Nebit-gaz» gazetiniň bu ugurdan geljekde hem dowam etmegi meýilleşdirýän duşuşyklarynyň ilkinjisi boldy. Geljekde öz mynasyp zähmeti bilen Watanymyzyň gülläp ösmegine önjeýli goşant goşýan dürli hünärdäki adamlar redaksiýanyň myhmany bolarlar.

Meňzeş täzelikler

2014