Rumyniýada I Hazar ykdysady forumyna bagyşlanan «tegelek stol» geçirildi

Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy Buharestiň Ykdysady ylymlar akademiýasy bilen bilelikde mugallymlar we talyplar üçin «tegelek stol» duşuşygyny geçirdi. Duşuşygyň dowamynda diplomatlar 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumy barada gürrüň berdiler, diýip ORIENT habarlar agentligi habar berýär.

Bu çärä Akademiýanyň ýolbaşçylary, halkara işewürlik we ykdysadyýet fakultetiniň hem-de beýleki fakultetleriň professorlary hem-de bu ýokary okuw jaýynda okaýan türkmen, rumyn we daşary ýurt talyplary gatnaşdylar. Duşuşyga gatnaşyjylar «Hazar deňzi sebitindäki häzirki ykdysady wehimler we mümkinçilikler – türkmen tejribesi» atly tegelek mowzugy maslahatlaşmaklyga gatnaşdylar.

2019-njy ýylyň başynda Aşgabatda bolan Halkara hyzmatdaşlyk boýunça Akademiýanyň prorektory Marius Konstantin Profiroiu türkmen-rumyn ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň mümkinçiliklerini belledi. Onuň pikirine görä, Hazar ykdysady forumynyň geçirilmegi Türkmenistan bilen gatnaşyjy döwletleriň özara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna ýardam eder. Ol şeýle hem bu çärä rumyn kompaniýalarynyň hem gyzyklanma bildirjekdigini belledi.

Halkara işewürlik we ykdysadyýet kafedrasynyň ýolbaşçysy professor Radu Muşetesku Hazar sebitinde ykdysady hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Onuň pikirine görä, Hazarda hyzmatdaşlyk maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine ÝB, ABŞ, Hytaý we beýleki iri döwletler gyzyklanma bildirýärler. Olar bilen hyzmatdaşlyk energetika, ulag, maýa goýumlar, hususy pudagyň ösüşi we beýleki ugurlarda giňeldilip bilner.

ÝB-de başlyklyk edýän Rumyniýa Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşy bolup durýar we ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýär. Şonuň üçin hem Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek boýunça Türkmenistan tarapyndan öňe sürülýän köpsanly energetika we logistika taslamalary elmydama ýewropalylarda seslenme tapýar.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň gurulmagy, Lazurit geçelgesiniň üstünlikli barlagy, Türkmenistanyň «Günorta gaz geçelgesine» goşulmagy we Hazarüsti gaz geçirijisi boýunça gepleşikler döwlet düzümlerinde bolşy ýaly, hususy kompaniýalarda hem gyzyklanma döredýär.

Awazadaky Hazar ykdysady forumy ýewropaly hyzmatdaşlara özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça beýleki taslamalary hem hödürläp biler. Forumyň çäklerinde halkara maslahaty, Hazaryň innowasion tehnologiýalarynyň sergisi, maýa goýum taslamalaryny we maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň meseleleri, ýörite, erkin ykdysady zolaklary döretmek we ösdürmek boýunça gepleşikler, milli kanunçylyklary we söwda-ykdysady ulgamy kämilleşdirmek boýunça maslahatlar geçiriler.

Meňzeş täzelikler

2014